Döredijilik dünýäsiniň ýaş zehini (Siziň deň-duşuňyz)

26 Fewral 2024
605

Biziň tanyşdyrjak ýaşajyk zehinlerimiziň biri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýnur Annamyradowa. Ol has kiçiliginden bäri döredijilik, şol sanda surat çekmek, goşgy ýazmak bilen meşgullanýar, dürli bäsleşiklere gatnaşýar. Diňe bir gatnaşmak bilen çäklenmän, eýýäm birnäçe bäsleşikde ýeňiji hem boldy.

Kitap — arzuwyňy hasyl ediji güýç. Kitap şeýle bir mugallym: ol çykgynsyz güne düşülende, özüň ýaly gahrymanlaryň üsti bilen saňa kömege gelýär, sözleýiş medeniýetiňi, söz baýlygyňy artdyrýar... Ýaşlykdan kitaby özüne dost tutunanlar geljekde durmuş ornuny, kesp-kärini, dost-ýaryny saýlamakda ýalňyşmaýarlar. Gürrüňini etmekçi bolýan zehinli gyzjagazymyz hem şeýle. Ol eýýäm ençeme ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginden, kitaplaryndan habarly.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».