Bilimli ýaşlar — ýurduň guwanjy

26 Fewral 2024
981

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny artdyrmak, olary ylma, döredijilige höweslendirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäginde şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, aprel aýynda bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak meýilleşdirilýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan halkara bäsleşikleri we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şoňa laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde-de şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de onuň çäginde 19-njy aprelde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatydyr sergini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär.

Maksat ÇÜRIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.