Türkmen ýaşlary ýapon dilini gowy özleşdirýärler

25 Fewral 2024
719

Ata Watanymyzyň täze taryhy döwrüniň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy buýsandyran taryhy waka boldy. Bu kitabyň ýapon diline-de terjime edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa, ýapon dili içgin öwrenilýär. Sapaklaryň ýapon dilinde geçilmegi häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmagy dostlukly dili özbaşdak özleşdirip, çalt öwrenmegimize oňyn täsir edýär. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Ýaponiýada dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolup gelýärler.

Rahym MEREDOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.