Ak bagtyň şäheri

20 Iýun 2023
381

Ulus-ilimiz ajaýyp döwrümizde taryhy ösüş-özgertmelere şaýat bolup gelýär. Her günümiziň şatlykly wakalara, üstünliklere beslenmeginiň özi baky bagtyýarlykdan nyşandyr. 16-njy iýunda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi-de taryhy ähmiýetli waka öwrülip, her birimiziň nowjuwan döwrümize bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň güneşli Diýarymyzyň taryhyndaky iň iri gurluşyk taslamasydygyny bellemegiň özi hem ýakymly. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan täze şäherdäki bir-birinden owadan kaşaň ýaşaýyş jaýlary, edaralar, bilim-terbiýeçilik, medeniýet ojaklary, saglygy goraýyş, sport maksatly desgalar, seýilbaglar, aýna ýaly tekiz ýollar we beýleki köp sanly binalar göreniň akylyny haýrana goýýar.

Agahan AGAHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.