Ýaş meýletinçiler — täze başlangyçlar
Täze taryhy zamanamyzda giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli, oňyn dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki taslamalara, forumlara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň 12 — 16-njy awgust aralygynda Gyrgyzystanyň Çuý sebitinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Halkara meýletinçilik mekdebiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuna, jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamyň netijesidir. Şoňa görä-de, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň meýletinçilik boýunça