Ýakynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen pedagogik işgärleriniň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesidigi, bilim özgertmeleriniň has-da işjeňleşdirilmegi, döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda üpjün edilmegi, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri baradaky çykyşlar diňlenildi.