Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady iň oňat dünýä tejribesi we halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda berkidilýär. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda möhüm tapgyr — täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda her ýylyň awgust aýynda bilim işgärleriniň maslahatynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ady bilen adybir şygar astynda welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler jaýynda welaýat derejesinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Maslahatda, ilki bilen, Döwlet senasy ýaňlandy.