Bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň badalga aljak güni barha golaýlaşýar. Welaýatymyzda-da oňa irgözinden gowy taýýarlyk görüldi. Orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň yşyklandyryş, ýyladyş, suw üpjünçilik ulgamlary abatlanyldy, ders we synp otaglarynda, sport meýdançalarynda bejeriş-rejeleýiş işleri geçirildi. Biz bu ugurda ýerine ýetirilen işler dogrusynda gürrüň bermegini sorap, welaýat baş bilim müdirliginiň mekdep bölüminiň başlygy Kerimbergen Maşaripowa ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:
— Berkarar döwletimizde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamaklary, bilim almaklary, terbiýelenilmekleri barada yzygiderli tagallalar edilýär. Her ýyl oba-şäherlerimizde ösen tehnologiýaly enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze mekdepler, çagalar baglary gurulýar. Öňden hereket edip gelýänleriniň durky täzelenilip, zamanabap keşbe getirilýär. Biziň welaýatymyzda-da bu wajyp iş ýylyň-ýylyna göwnejaý ýola goýulýar. Üstümizdäki ýylyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde hem etrap-şäherlerimizdäki orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň 396-synda abatlaýyş-bejeriş işlerine guramaçylykly girişildi. Ähli bilim ojaklarynyň ders we synp otaglary, sport meýdançalary, kitaphanalar, çagalaryň iýmitlenýän naharhanalary düýpli abatlanyldy. Bu iş üçin döwletimiz tarapyndan uly möçberde gurluşyk serişdeleri bölünip berildi. Anyk maglumatlara ýüzlensek, welaýatymyz boýunça orta mekdepleriň ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri üçin sementiň 300 tonnasy, bezeg-emulsiýa reňkleriniň 80 tonnasy sarp edildi. 1330 metrlik plastik turbalaryň hasabyna mekdepleriň abatlanylmaga degişli suw üpjünçilik ulgamy täzelenildi. Şonuň ýaly-da bilim ojaklarynyň yşyklandyryş ulgamynda çyralaryň 1500-si çalşyryldy. Şunlukda mekdep okuwçylarynyň has-da oňaýly şertlerde okamaklary, bilim-düşünjelerini baýlaşdyrmaklary üçin gowy mümkinçilikler döredildi.