Ýaş alymlar geňeşi ylma höwesjeň ýaşlaryň merkezi
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksada okgunly we kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri babatynda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň döwrebap derejede bilim alyp, Türkmenistanyň dürli pudaklarynda geljekde netijeli zähmet çekjek ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle hem, talyplaryň arasyndan ylma höwesjeň, zehinli, başarjaň ýaşlary saýlap almak hem-de olary ylma atarmak, oýlap-tapyşlara ugrukdyrmak üçin ýurdumyzyň ylym ojaklary, ýokary okuw mekdepleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan toplumlaýyn çemeleşilýär. Şol mynasybetli, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi. Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri we ylmy institutlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem halypa-şägirtlik mekdebini ýola goýmak maksady bilen jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilen Ýaş alymlar geňeşi hereket edýär. Meýilnamalarda göz öňünde tutulyşy ýaly, Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan institutyň ylmy gurnaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine ýardam bermek, zehinli talyp ýaşlary ylmy-barlag, ylmy taslama we ylmy-döredijilik işlerine çekmek, yl