12-nji iýun — Ylymlar güni

8 Iýun 2022
1553

YLYM — ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Dünýädäki ähli gazanylan ösüşleriň binýadynda ylmyň durandygy mälimdir. Ylmyň ösmegi döwrüň öňe gitmegini şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan ylmyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşiniň ygtybarly binýady ylym-bilim bolup durýar.

Mekan HOJAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.