«7-24.tm», № 20 (103), 16.05.2022
Ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Ylym öwrenmek, bilimiňi baýlaşdyryp, Watan üçin bähbitli açyşlary etmek, milli ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmak, hünäriňi kämilleşdirmek sogaply iş hasaplanylýar. Geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halky «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç» ýaly halk nakyllaryny, atalar sözüni döredip, gadymy döwürlerden bäri ylymdyr bilime aýratyn uly üns beripdirler. Ylym-bilim adamzat aňyny, jemgyýeti öňe alyp barýan güýçdür, şamçyragdyr.