Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler Watanymyzyň barha ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmekde, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny halka wagyz etmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, bilim derejelerini artdyrmakda ylym-bilim işgärleriniň uly hyzmaty bar. Bu ugurda ýurdumyzda göreldeli zähmeti bilen tanalýan ussatlara halkymyz uly sarpa goýýar. Şeýle ajaýyp adamlaryň biri, giňden tanalýan kärdeşimiz Rejep Berdiýewi ýatlap, onuň ömri we döredijiligi barada okyjylara gürrüň bermegi makul bildik. Onuň işjeň sypatlary, çuňňur mazmunly ylmy işleri, okuw-usuly gollanmalary köplere, esasan-da, ýaşlara görelde bolup hyzmat edýär.
Rejep Berdiýew 1931-nji ýylda Bäherden etrabynda daýhan maşgalada eneden dogulýar. Ol 1946-njy ýylda Bäherden şäherçesinde orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky iki ýyllyk mugallymçylyk institutyna okuwa girýär we ony 1948-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şol ýyl hem Bäherdeniň 1-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işe başlaýar. Ýaş mugallym soň bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gaýybana bölümine okuwa girip, onuň doly kursuny 1951-nji ýylda tamamlaýar. Taýýarlykly mugallym bolany üçin, ol Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebine iberilýär. R.Berdiýew bir ýyldan soňra, şol wagtky Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň aspirantura bölümine okuwa girýär. Ýaş aspirant rus alymy, professor N.A.Baskakowyň ýolbaşçylygynda «Häzirki zaman türkmen dilinde goşma sözler» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlap, ony 1955-nji ýylda üstünlikli goraýar we filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejä mynasyp bolýar.