"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlaryny dikeldýär

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi. Uçuşlar COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendirmeler girizilende soň, 2020-nji ýylyň ýazynda togtadylypdy. Berlen rugsatlara laýyklykda, awiakompaniýa duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan (DXB) Aşgabada (ASB) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrar we Aşgabatdan Dubaýa uçuşlar sişenbe we anna günleri bolar.

KÖŞGÜŇ SÜTÜNI SÖÝGÜDEN

Täçmahal köşgüne syýahatyň täsirinden dörän setirler Hindistan hakdaky gepleşikde Täçmahaly görkezdiler weli, ýüregim gobsunyp gitdi. Hezreti Magtymgulynyň:

«Gezsem, jahany görsem...”

13-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 20-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Milli taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen geçiriljek bu halkara maslahat ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmekde möhüm ähmiýetli waka bolar. Diýarymyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalary maslahatyň taýýarlyk işlerine ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Bu barada gyzyklanyp, habarçymyz syýahatçylyk hyzmatlaryny ýola goýup, baý tejribe toplan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Halkara dostluk» hususy kärhanasynyň işgärler bölüminiň başlygy Gözel MEREDOWA bilen söhbetdeş boldy.

Ýer ýüzündäki iň gizlin kenar

Ýer ýüzündäki iň gizlin kenar Meksikanyň milli seýilgähi we Puerto Walýarta şäheriniň 35 kilometr günbatarynda, Banderas aýlagynda ýerleşýän Marieta adalarynyň birindäki deňiz kenary hasaplanýar. Ol 2008-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Adalar suwasty dünýäsiniň köpdürlüligi, gowaklaryň seýrek gözelligi we çuň deňiz tonelleri sebäpli bu derejäni aldy. Marieta adalarynyň golaýynda ajaýyp merjen görnüşlerini görüp, bu ýerde delfinlere duş gelip bolýar. Her ýyl bu gözelligi görmäge ýüzlerçe müň syýahatçy gelýär, emma bu ýerleriň esasy merjeni Marieta adalaryndaky gizlenen kenardyr. Adanyň adyndan belli bolşy ýaly, ähli tarapdan tokaý we gaýalar bilen ygtybarly gizlenen bu kenary hatda guşuçar belentliginden hem görmek aňsat däl. Marieta adasyndaky gizlin kenar ýokarsynda yşy bolan gowakda ýerleşýär. Deňziň çägeli bölegi bu oý şekilli yşyň aşagynda ýerleşýär, gowagyň tegelek açyk gümmezi bar. Ekwatoryň ýakynlygyny we Meksikanyň yssylygyny göz öňünde tutsak, bu ýer iň yssy we güneşli ýerleriň biridir. Tomusda bu ýerdäki temperatura +40 0С derejä çenli ýokarlanyp bilýär, emma bu ýeriň suwy kän bir ýylamaýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassasynda elektron petekleri yzyna tabşyrmak üçin penjire açyldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky esasy howa gatnawlarynyň baş gullugynda elektron uçar peteklerini yzyna gaýtarmak üçin aýratyn penjire açyldy. Käwagt «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçylary internet arkaly satyn alan petegini yzyna gaýtarmaly bolýarlar. Internetden petegi seýrek satyn alýan adamlar şeýle petegi yzyna gaýtaryp bolmajakdygyna ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, bu nädogry pikirdir. Petegi yzyna tabşyrmak gaty köp wagt talap etmeýär. Onlaýn satyn alnan petegi yzyna gaýtarmak üçin, onuň kagyz nusgasynyň bolmagy hökman däldir. Petegi yzyna tabşyrmak üçin awiakompaniýanyň kassasynda ýörite blankany doldurmaly we aşakdaky maglumatlary görkezmeli:

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

7-nji gün. Bäşinji düşelge. Magtymguly şäheri. Daýna obasynyň arçynlygynyň ýanyndan 6:30-da ugraýan awtobusa ýetişmek üçin 05:05-de turdum. Zirk şerbetinden ýanymda getiren suwly çüýşäme guýup berdiler. Eý-how, juda şirin tagamy bar-la! Içip julk bolup gitdim. Mesge, ýumurtga, ary bal, gyzgyn çörek hem-de gara çaý (Balkan we Daşoguz tarapy gara, süýtli gara çaý içegen bolýar) salypdyrlar. Hoşlaşyp ýola düşdüm. Ýadymdan çykmanka belläp galaýyn: bu ýeriniň sygyrlary juda özbaşdak. Ir bilen özleri otlamaga gidýärler, tirkeşipjigem öz belli sagadynda dolanyp, ýataklaryna gelýärler. Hiç kimiň idemegine zerurlyk ýok, tagmalaryndan kimiňkidigi bilnip dur, aslynda özlerem ýataklaryny saýgarýarlar.

“S7”: Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça awiapeteklerde arzanladyş

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça awiagatnawlaryň biletleriniň bahasyny 50 göterim arzanlatdy. Täze bahalar 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary boýunça hereket eder. “Orient.tm” neşiriniň habaryna görä, rus awiakompaniýasy “Ekonom baz”, “Ekonom standart” we “Ekonom plýus” tarifleri boýunça awiabiletleri satýar.

«FlyDubai» awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy

«FlyDubai» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar. Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:35-de bolup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyna görä 06:30-da gonar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň sanyny hepdede dörtden bäş gezege çenli artdyrdy. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlar hem görkezýär. Uçuşlar indi duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günlerinde, «Boeing 737-800» amatly uçarlarynda amala aşyrylýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

6-njy gün. Dördünji düşelge. Daýna obasy. Daýna obasy kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan ýeri. Ilkibaşda bu oba düşlemek syýahat meýilnamamda ýokdy.

Pekine syýahat

Ajaýyp telediň Hytaý Halk Respublikasynda göge uzaýan binalaryň sany juda köp. Zehinli binagärleriň iň täsin işleriniň biri Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň «CCTV» teleýaýlym merkeziniň diňidir. Bu özboluşly ajaýyp taslamanyň awtory gollandiýaly ussat arhitektor Rem Kolhasdyr. Diňiň düýbi 2004-nji ýylda tutulyp, bina 2008-nji ýylda ulanylmaga berildi. 475 müň kwadrat metr meýdany tutýan 234 metrlik bina iki sütünden ybarat bolup, depesi we aşaky bölegi özboluşly keseleýin görnüşde birigýär. 54 gatdan ybarat bu binanyň islendik uly täsirli ýertitremelerine hem çydamlylygy bellärliklidir. Binanyň içi birnäçe radiogepleşik, wideoýazgy we iş otaglaryndan ybaratdyr.

Gar we buz festiwaly

Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Harbin şäherinde her ýyldaky ýaly, bu ýyl hem «Harbin halkara gar we buz heýkeltaraşlygy festiwaly» geçiriler. Eýýäm 23-nji gezek geçirilýän dünýäniň iň uly göwrümli festiwallarynyň biri bolan gar we buz festiwalyna dünýäniň ähli künjeklerinden buz heýkeltaraşlary gatnaşyp, öz işlerini hödürleýärler. Festiwaldaky ulanylýan buzuň ählisini şäheriň golaýyndaky Sungari derýasyndan alýarlar. 600 müň inedördül metrden gowrak meýdanda ýerleşýän gar we buz festiwalynyň geçirilýän ýeri dünýädäki iň uly göwrümli buz parkydyr. Bu parkyň içinde lazerler we dürli çyrajyklar bilen bezelen buz heýkelleriniň müňlerçesini, şol sanda Meksikadaky Kukulkana piramidasy ýa-da Moskwa Kremli ýaly dünýäniň iň meşhur ýerleriniň buzdan nusgalaryny hem görmek mümkin. Bu ýylky festiwalyň aýratynlyklarynyň biri parkda ägirt uly synlaýyş çarhynyň ýerleşdirilmegidir. Her ýyl bolşy ýaly, festiwalyň 5-nji ýanwarda açylmagyna we 1 aý dowam etmegine garaşylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat ― Frankfurt uçuşlarynyň sanyny azaltdy

​«Türkmenistan» awiakompaiýasy Aşgabat ― Frankfurt aralygyndaky uçuşlaryň hepdelik sanyny wagtlaýyn azaldar. Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň halkara howa menziliniň berýän maglumatlaryna görä, hepdede iki gezek amala aşyrylýan uçuşlar gyş meýilnamasynada bir gezege geçirildi.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

5-nji gün. 3-nji düşelge. Magtymguly etraby Üç otagly muzeý bolsa-da, göýä Magtymguly Pyragy jaýyň bir burçunda hat-ýazuwa gümra bolup oturan ýaly duýga gaplanýarsyň. Bu ýerde ähli zat tebigy, adaty durmuşa ýakyn görnüşde ýerleşdirilipdir.

«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi. Göni gatnawlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan başlap dikeldiler we her häpdäniň duşenbe, penşenbe günleri amala aşyrylar.

«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi. Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy. Häzirlikçe Aşgabat ― Abu-Dabi aralygyndaky uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Uçar anna güni agşam sagat 18:00-da ýola düşüp, şol gün ýerlli wagt bilen 21:00-da Abu-Dabiden Aşgabada sary uçýar.

Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň biletleriniň onlaýn söwdasyny amala aşyrýar. Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini türkmen manadynda satyn almak bolar. Biletleri www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn alyp, ony “Altyn asyr” bank kartyndan gölemek bolar. Bu barada “orient.tm” neşirinde habar berilýär.

Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin petek satuwyna başlady

Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Moskwa — Türkmenbaşy we Kazan — Türkmenabat uçuşlary üçin awiapetekleriň satuwyny açdy. Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Türkmenbaşy şäherine awiapetekleriň bahasy 28,439 rubl (2022-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky ýagdaýy), Kazandan Türkmenabat şäherine 27,389 rubl bolar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). (Ýolýazgy. Balkan welaýaty)

Täsinlikler äleminde

Yşyklaryň ýalkymy Şu günler dünýäniň ähli ýerlerinde Täze ýyl arçalary bezelýär. Rim şäherindäki Gün panelleri arkaly elektrik togy bilen üpjün edilen «Fotoelektrik» diýlip atlandyrylan Täze ýyl arçasynyň yşyklandyryş bezegleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Rim hökümeti tarapyndan döredilen bu täsin bezeg işleri energiýany tygşytlamakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Käbir adamlaryň pikirine görä, bu pikiriň durmuşa geçirilmegi elektrik çykdajylarynyň möçberiniň tygşytlanmagyna hem ýardam eder.