7-nji gün. Bäşinji düşelge. Magtymguly şäheri.
Daýna obasynyň arçynlygynyň ýanyndan 6:30-da ugraýan awtobusa ýetişmek üçin 05:05-de turdum. Zirk şerbetinden ýanymda getiren suwly çüýşäme guýup berdiler. Eý-how, juda şirin tagamy bar-la! Içip julk bolup gitdim. Mesge, ýumurtga, ary bal, gyzgyn çörek hem-de gara çaý (Balkan we Daşoguz tarapy gara, süýtli gara çaý içegen bolýar) salypdyrlar. Hoşlaşyp ýola düşdüm. Ýadymdan çykmanka belläp galaýyn: bu ýeriniň sygyrlary juda özbaşdak. Ir bilen özleri otlamaga gidýärler, tirkeşipjigem öz belli sagadynda dolanyp, ýataklaryna gelýärler. Hiç kimiň idemegine zerurlyk ýok, tagmalaryndan kimiňkidigi bilnip dur, aslynda özlerem ýataklaryny
saýgarýarlar.