Yşyklaryň ýalkymy
Şu günler dünýäniň ähli ýerlerinde Täze ýyl arçalary bezelýär. Rim şäherindäki Gün panelleri arkaly elektrik togy bilen üpjün edilen «Fotoelektrik» diýlip atlandyrylan Täze ýyl arçasynyň yşyklandyryş bezegleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Rim hökümeti tarapyndan döredilen bu täsin bezeg işleri energiýany tygşytlamakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Käbir adamlaryň pikirine görä, bu pikiriň durmuşa geçirilmegi elektrik çykdajylarynyň möçberiniň tygşytlanmagyna hem ýardam eder.