Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Harbin şäherinde her ýyldaky ýaly, bu ýyl hem «Harbin halkara gar we buz heýkeltaraşlygy festiwaly» geçiriler. Eýýäm 23-nji gezek geçirilýän dünýäniň iň uly göwrümli festiwallarynyň biri bolan gar we buz festiwalyna dünýäniň ähli künjeklerinden buz heýkeltaraşlary gatnaşyp, öz işlerini hödürleýärler. Festiwaldaky ulanylýan buzuň ählisini şäheriň golaýyndaky Sungari derýasyndan alýarlar.
600 müň inedördül metrden gowrak meýdanda ýerleşýän gar we buz festiwalynyň geçirilýän ýeri dünýädäki iň uly göwrümli buz parkydyr. Bu parkyň içinde lazerler we dürli çyrajyklar bilen bezelen buz heýkelleriniň müňlerçesini, şol sanda Meksikadaky Kukulkana piramidasy ýa-da Moskwa Kremli ýaly dünýäniň iň meşhur ýerleriniň buzdan nusgalaryny hem görmek mümkin. Bu ýylky festiwalyň aýratynlyklarynyň biri parkda ägirt uly synlaýyş çarhynyň ýerleşdirilmegidir. Her ýyl bolşy ýaly, festiwalyň 5-nji ýanwarda açylmagyna we 1 aý dowam etmegine garaşylýar.