Awaza – ýurduň göwher gaşy
Türkmenistan — ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Dünýäde adygan ajaýyp Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşy gazanmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Halkyň saglygy, uzak ömür sürmegi üçin medeniýetli dynç alşy, tebigatyň ynsana eçilen şypalaryndan peýdalanmak hakynda gürrüň açylanda bolsa, göz öňümize gelýän ilkinji merkez «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden özgerýän Diýarymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap gidýän balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ýakymly duýgulary oýarýar, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kişiniň arzuwy.