Gezsem, dünýäni görsem

7 Iýun 2023
1540

Budapeştlileriň guwanjy

Budapeştiň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Etnografiki muzeýi özüniň ajaýyp gurluşy bilen köpleri haýran galdyrýar. Täsin dizaýn gurluşygyna eýe bolan muzeý 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda şäheriň merkezi seýilgähinde açyldy. Onuň umumy tutýan meýdany 34 000 inedördül metre deň bolmak bilen, muzeýiň köp bölegi ýeriň aşagynda gurlandyr. Binanyň birnäçe baýraklaryň eýesi bolmagy bu özboluşly gözelligiň haýran galdyryjylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.