Galamdaşlygyň ýaşy bolmaýar

7 Iýun 2023
1704

Döredijilik saparyny döredijilik duşuşygy geçirilmezden göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem bu duşuşyk saparyň maksatnamasyna ýörite goşuldy. Onsoň hem döredijilige baş goşarsyň-da, gazet-žurnallaryň wekilleri, žurnalistler, ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyp, olaryň maslahatlaryny diňläsiň gelmezmi?!

Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap-şäher geňeşleri bilen bilelikde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga Jeýhunyň goşa kenaryndaky etrapdyr şäherlerimiziň ählisinden çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň we bu ugurda halypalyga ýeten ildeşlerimiziň uly topary gatnaşdy.