Syýahatçylygy ösdürmegiň baý mümkinçiligi

25 Maý 2023
1814

Hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda  Türkmenistanyň başlangyjy  boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, degişli güwänamalary gowşurdy. Bu waka bütin dünýäde syýahatçylaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana syýahat etmek islegini has artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi.

Kuwwat JOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi.