"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Seleňli-seýranly şäher

«Ýagşy ýigidiň ady köp» diýlişi ýaly, ýagşy, gözel ýerleriň hem ady köp bolýar. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň mysalynda ýakyndan göz ýetirdik. «Döwlet ähmiýetli şäher», «Akylly» şäher», «Geljegiň şäheri», «Ýaşlaryň şäheri», «Ýaşyl şäher» ýaly nurana atlara eýe bolan şäher sözüň doly manysynda bu atlara mynasyp. Golaýda bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gezelenjine, medeniýet toplumynyň beren toý sadakasyna gatnaşmak miýesser etdi. Şahyrlaryň biri şunuň bilen baglanyşykly şeýle setiri tüýs jaý ýerine, jüpüne düşürip aýtdy: «Gelinler, seýliňiz mübärek bolsun!». Nusgawy edebiýatdan aýdyma öwrülen bu setiriň şu makalany ýazanymyzdaky oýlanmalarymyza bat berendigini hem öňünden aýdaýyn. Dogrudan-da, bu seýil diýseň hakyky seýildi. Owadan ak, ýumşak oturgyçly awtobusda täze şäheriň bir ýan çetinden gireniňde, seni göge uçsam diýip duran Akhanyň heýkeli garşy alýar. «At — myrat» diýýän halkymyz oňa degişli ähli zatlary döretmegiň hem ussady. Akhanyň heýkelini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýewiň aýdan sözlerini edil şu pursat ýene bir ýola ýatlaýarys: «Arkadag şäheriniň owadanlygy Akhanyň heýkeliniň ýanyndan has giňden açylýar». Çarpaýa galyp duran bedewde näçe gujur-gaýrat, öňe ymtylyş bar! Onsoň ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine, Arkadag şäheri ýaly gözellikde taýsyz şäherleri gurşuna şu görnüşden has aýdyň göz ý

Köňülleriň joşguny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýüregi, her güni joşgunly toý-baýramlara beslenýän gözel Aşgabadyň nurana keşbi, okgunly ösüşleri ähli halkymyzda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär. Paýtagtymyzyň juda işjeň jemgyýetçilik durmuşy goşalanyp gelýän toý-baýramlarda, ykdysady we medeni forumlarda aýdyň şöhlelendirilýär. Ýaňy-ýakynda ak şäherimizde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Bu şanly waka bilen bilelikde paýtagtymyzda Türki döwletleriniň Medeniýet günleriniň hem geçirilmegi halkymyzyň medeni mirasynyň halkara derejesinde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Mahmal owazly Mahym

Ajaýyp zamanamyzda kalby aýdymdan doly, kämillik ýoluna tarap batly gadamlar bilen barýan ýaş aýdymçylarymyz sanardan köp. Şolaryň biri-de welaýat ýörite sungat mekdebimiziň şu ýylky uçurymy Mahym Geldiýewadyr. Balkanabat şäheriniň deňiz kenaryndaky Hazar şäherçesinde 1998-nji ýylda doglan Mahym aýdym aýtmaga çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlaýar. 2009-njy ýylda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolmagy onuň üýtgeşik zehininiň bardygynyň özboluşly buşlukçysy bolýar. Zehinli gyzyň Hazar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebine okuwa girmegi bilen, onuň öňünde täze mümkinçilikler açylýar. Ýaş aýdymçynyň ukyp-başarnygyna bu ýerde-de ýokary baha berilýär. Aýdyma bolan höwesi, irginsiz yhlasy netijesinde-de ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başarýar.

Aýdymdyr saz hakynda

Aýdym-saz ähli zatlara ýaşaýyş we päklik berýär. Ony «Owadan we beýik zatlaryň beýany» diýip atlandyryp bolar. Platon.

Täze şäher — täze kitap

3-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, şahyrlardyr ýazyjylar, žurnalistler, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Arkadag şäheriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu taryhy waka ata Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäheriň hut öz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — teleýaýlymynyň hem-de gazetiniň döredilmegi bolsa halkymyzy, hususan-da, döredijilik işgärlerini örän begendirdi we buýsandyrdy. «Arkadag» gazeti Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň aprel aýynyň başynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen döredildi.

Watany wasp edýän şirin aýdymlar

Düýn Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda birleşen halk saz gurallary ansamblynyň konserti geçirildi. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Konsertiň başynda Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary orkestriniň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym ýaňlandy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine, Jemal Reýimowanyň sazyna döredilen aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen düýbi tutulan, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen birinji tapgyry açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäherinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilen mümkinçiliklere bolan ýürek buýsanjy öz beýanyny tapýar.

Sungat hünär däl — ykbal

Her bir sungat ussady hakdan berlen zehinden daşary-da, abraýly menzile çenli kän-kän zähmet siňdirip, bu hünäriň inçe ýollaryny öwrenýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Aýgül Ýagşyýewa-da şeýle bagşylaryň biri. Ol 1979-njy ýylyň 15-nji maýynda Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynda eneden bolýar. Onuň maşgala agzalary hem sungata belent sarpa goýýar. Babasy Geldi Çaryýewiň Girman bagşynyň ýolundan ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary elmydama Aýgülüň gulagynda ýaňlanyp, onuň aýdym-saza bolan höwesini artdyrýar. Şol höwes hem 1989-njy ýylda ony Duşak şäherçesinde ýerleşýän şol wagtky Şükür bagşy adyndaky çagalar sazçylyk mekdebine getirýär. — Çagalar sazçylyk mekdebinde dutar çalmagyň başlangyç ýollaryny Döwletgeldi Gurdowdan öwrendim. Mekdebe gatnap başlan günümden bu sungaty içgin öwrenip, halkyň kalbyna siňmegi başarmalydygyna göz ýetirdim. Sazçylyk mekdebinde halypa mugallymlaryň goldawy, yhlasy bilen men halkymyzyň bu sungata näderejede sarpa goýýandygyna düşündim. Bu-da mende dutarda saz çalmagy, aýdym aýtmagy diňe bir hünär däl, eýsem ykbal edinip saýlamagyma getirdi.

Arkadag şäheriniň ajaýyp waspnamasy

Şu günler «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Düýn hem şeýle dabaralar ýurdumyzyň käbir toplumlarynda hem-de täze şäheriň edara ediş merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazlara beslenen tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet ulgamy we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guraldy. Dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli sergini synladylar. Bu ýerde alym Arkadagymyzyň atalyk kitaplary, milli senetçilerimiziň önümleri, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän el işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Sirk ussatlarynyň sowgady

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Moskwanyň Wernadskiý şaýolundaky uly döwlet sirkiniň hem-de Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artistleriniň bilelikdäki çykyşlary guraldy. Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň ady agzalan sirkleri gyzykly çykyşlary bilen älem içre giňden bellidir. Sirk sungatynyň janköýerleri baýramçylyk tomaşasynda şadyýan hokgabazlaryň, gimnastlaryň howa halkalaryndaky, şeýle-de akrobatlaryň, žanglýorlaryň, «Äpet pişikleriň» — gaplaňlaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Täze teatrda täze sahna

Düýn Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Döwlet daragty» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk eden sahna oýnunyň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer», «Ömrümiň manysy» kitaplarynda beýan edilýän wakalaryň hem-de gymmatly maglumatlaryň esasynda döredilen sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, olarda taryhy döwrüň wakalary janlandyrylýar. Mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballaryndan, manyly ömür ýollaryndan söhbet açylýar. Birinji bölüm «Nesilbaşymyz Oguz han» diýlip atlandyrylyp, onda Oguz hanyň gadymy Yzgant obasynda oba-kent gurup, ogullary Gün hana, Aý hana, Ýyldyz hana, Deňiz hana, Gök hana, Dag hana Köpetdagyň sahawatly jülgesinde öý-ojak tutuşy, oguz kowumynyň dünýä ýaýraýşy, onuň ojagynda tutulan uly toýuň dessurlary beýan edilýär.

Ol — sungatyň aşygy (Siziň deň-duşuňyz)

Aýdym, umuman, sungat — onuň üçin uly dünýä. Sazy duýup bilşi, onuň owazyna maýyl bolup, ses goşup, aýdyma hiňlenişi bu ugurdan zehininiň bardygyny görkezýär. Dogrusy, Muhammedalynyň aýdym-saza bolan höwesi çagalar bagynda başlady. Siz bilen tanyşdyrmak isleýän ýaş zehinimiz Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Muhammedaly Güýçberdiýewdir. Ol Gyzylarbat etrap Çagalar sungat mekdebine gatnaýar. Dutar, klawiş saz gurallarynda hem aýdym aýdyp, hem saz çalmagy başarýar. Muhammedalynyň ilkinji halypasy Baýramgeldi Annaorazowdyr. Sungatdan ylhamly ýigdekçe rus, iňlis dili sapaklaryny has gowy görýär, etrap, welaýat derejesinde geçirilýän çärelere hem işjeň gatnaşýar.

TÜRKI HALKLARYŇ OPERA AÝDYMLARY

Arkadag şäherinde belentden ýaňlandy Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti boldy. Medeni çärä ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, doganlyk ýurtlaryň döredijilik wekiliýetleri, ýaşuly nesliň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Göwnüpäkligiň baýramy

Toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän ýurdumyzda musulman halklarynyň milli Gurban baýramy Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşy bilen gabat geldi. 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy agzybirlikde, ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Bu baýram adamlaryň ýüreginde birek-birege bolan mähremligi, dost-doganlyga ýugrulan duýgyny berkidýär. Halkyň agzybirligini, jebisligini, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Türkmen halky Gurban baýramyny gadymdan bäri aýratyn sarpalaýan halk.

Nusaý ritonlary — gadymy dabaralaryň şaýady

Türkmenistanyň gadymy taryhy ýeri bolan Beýik Parfiýa döwletiniň Köne Nusaý şäherçesiniň içindäki bar bolan gurluşyklaryň arasynda iki sany toplum tapawutlanyp dur. Ol «demirgazyk» we «günorta» diýlip atlandyrylýar. Binagärçilik nukdaýnazaryndan bitewi hem-de arheologik tapyndylary boýunça esasy bina hasaplanýan demirgazyk toplum bolup, ol şertli «Inedördül zal» diýip atlandyrylýar. Inedördül zalyň esaslandyrylmagy b.e. öň III-II asyrlardan gelip çykýar. Onda gazuw-agtaryş işleri 1948-nji ýylda başlanyp, 1952-nji ýylda tamamlanýar. Gözleg işleriniň ilkinji ýyly uly üstünlikler getirýär. Ýagny bu ýerden pil süňkünden ýokary çeperçilik usuly bilen ýasalan «hazynanyň» üsti açylýar. 1948-nji ýylyň güýzünde bu jaýyň üsti açylanda jaýyň gündogar böleginiň öň tarapyndaky bir sufadan (sufa — gündogar arhitekturasynda diwaryň uzaboýuna gurlan basgançak) belli bir görnüşi bermeýän süňkden ýasalan tapyndylar tapyldy. Olar pil süňkleri bolup, esasy gymmatlyklaryň agramly bölegi ritonlar bolup çykdy.

Parasatlylygyň nusgasy

Haýran galaýmaly, türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna ser salsaň, onuň her bir öwrüminde taryhy şahsyýet derejesine göterilen han-begleri, danalary sütün-sütün bolup dur. Gadymy döwürde Oguz han nesilbaşymyz Arkaç düzlüginde Ýaňykent atly şäheri sap altyndan gurdurypdyr. Paryzdepeden tapylan diwar böleginiň gurluşynyň aýratynlygy hem bu günki günde dünýäniň taryhçy-arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär. Şähryslamyň şäherasty tarnawa-turbalarynyň jaýlary suw bilen üpjün edişiniň we onuň düzüm-gurluşynyň täsinlikleri häzirki wagtda binagärlikde ösen döwletleri hem haýran galdyrýar. Bir sebitiň çäginde şeýle gadymy döwürleriň binalarynyň jemlenmeginiň özi-de, ata-babalarymyzyň bina galdyrmakda ylmy gözlegleriň eýesi bolandygyna güwä geçýär. Paýhasyň hem ylmyň birleşen güýjünden bolsa, elbetde, gudrat döreýär! Akyldar Arkadagymyzyň umman pähim-paýhasyndan dörän Arkadag şäheri-de şeýle gudratlaryň biridir. Düýn dünýäniň çar tarapyndan gelen arzyly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda belentden toýlanylan Arkadag şäheriniň toýy bakylygyň taryhy senesiniň öçmejek ýazgysyna öwrüldi. Her bir gurlan binadyr desgada ornaşdyrylan enjamlar «akylly» şäheriň — ýaşaýyş-durmuşyň döwrebap, iň ýokary şertini üpjün edýär. Türki döwletleriň arasynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ýollarynyň ýakalary-da ösen innowasion tehnologiýalardan nagyşlanylyp, ol hereketiň düzgün-tertibini dogry berja

Täsinlikler mekany

Bu gün Gahryman Arkadagymyz diňe bir halkymyza däl, tutuş dünýä ynsanlaryna täze serpaý ýapdy. Türkmen topragynda täze şäher — Arkadag şäheri peýda boldy. Biz Rim, Pariž, Rio-de-Žaneýro, Mumbaý... ýaly, dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýändigine garamazdan, ynsan elleri bilen döredilen gözel şäherleri görmegiň arzuwynda bolýarys. Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna dünýäniň çar ýanyndan gelen myhmanlary synlanymyzda-da, şeýle ýakymly pikirleriň olaryň hem kalplarynda dörändigine göz ýetirse bolýar. Ol gözlerde gojaman Zeminiň ýüzünde peýda bolan täze nagyş — Arkadag şäherine buýsanç, guwanç bar!

Kämil eserlerde parahatsöýüjilik däpleriniň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen Bitaraplygynyň taryhy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bitaraplyk — munuň özi, ilkinji nobatda, halklaryň parahatsöýüjilikli häsiýetiniň, özara deňhukukly we ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagynyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan»  eserinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk işine, ygtybarly, durmuş-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň: «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy» kitabynda «Parahatçylyk — Zeminiň asudalygydyr, asmanyň päkizeligidir» diýip, türkmen Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň parahatçylygy berkitmäge gönükdirilýändigini beýan edýär.

Goşalanyp gelýän görkana günler

Öwezmyrat BABAÝEW Gel, bile uçaly!

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygynyň dabaralanmasy

Türkmeniň sungata belent sarpa goýýan şahandaz halkdygy gojaman taryhyň şöhratly sahypalarynda ýazylan hakykatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda şol milli däp-dessurlarymyzyň, aýdym-saz sungatymyzyň täzeçe röwüşde rowaçlanýan zamanasy hökmünde dabaralanýar. Muňa biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän medeni çäreleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýakynda gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan gelen medeniýet işgärlerini hem-de sahna ussatlaryny bir ýere jemledi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. Bu medeni forum hem halkymyzy milli medeni mirasymyzyň üstüni ýetirýän döredijilik eserleri, täze aýdym-sazlardyr sah