Sungat hünär däl — ykbal

4 Iýul 2023
484

Her bir sungat ussady hakdan berlen zehinden daşary-da, abraýly menzile çenli kän-kän zähmet siňdirip, bu hünäriň inçe ýollaryny öwrenýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Aýgül Ýagşyýewa-da şeýle bagşylaryň biri. Ol 1979-njy ýylyň 15-nji maýynda Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynda eneden bolýar. Onuň maşgala agzalary hem sungata belent sarpa goýýar. Babasy Geldi Çaryýewiň Girman bagşynyň ýolundan ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary elmydama Aýgülüň gulagynda ýaňlanyp, onuň aýdym-saza bolan höwesini artdyrýar. Şol höwes hem 1989-njy ýylda ony Duşak şäherçesinde ýerleşýän şol wagtky Şükür bagşy adyndaky çagalar sazçylyk mekdebine getirýär.

— Çagalar sazçylyk mekdebinde dutar çalmagyň başlangyç ýollaryny Döwletgeldi Gurdowdan öwrendim. Mekdebe gatnap başlan günümden bu sungaty içgin öwrenip, halkyň kalbyna siňmegi başarmalydygyna göz ýetirdim. Sazçylyk mekdebinde halypa mugallymlaryň goldawy, yhlasy bilen men halkymyzyň bu sungata näderejede sarpa goýýandygyna düşündim. Bu-da mende dutarda saz çalmagy, aýdym aýtmagy diňe bir hünär däl, eýsem ykbal edinip saýlamagyma getirdi.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar