Seleňli-seýranly şäher

6 Iýul 2023
594

«Ýagşy ýigidiň ady köp» diýlişi ýaly, ýagşy, gözel ýerleriň hem ady köp bolýar. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň mysalynda ýakyndan göz ýetirdik. «Döwlet ähmiýetli şäher», «Akylly» şäher», «Geljegiň şäheri», «Ýaşlaryň şäheri», «Ýaşyl şäher» ýaly nurana atlara eýe bolan şäher sözüň doly manysynda bu atlara mynasyp. Golaýda bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gezelenjine, medeniýet toplumynyň beren toý sadakasyna gatnaşmak miýesser etdi. Şahyrlaryň biri şunuň bilen baglanyşykly şeýle setiri tüýs jaý ýerine, jüpüne düşürip aýtdy: «Gelinler, seýliňiz mübärek bolsun!».

Nusgawy edebiýatdan aýdyma öwrülen bu setiriň şu makalany ýazanymyzdaky oýlanmalarymyza bat berendigini hem öňünden aýdaýyn. Dogrudan-da, bu seýil diýseň hakyky seýildi. Owadan ak, ýumşak oturgyçly awtobusda täze şäheriň bir ýan çetinden gireniňde, seni göge uçsam diýip duran Akhanyň heýkeli garşy alýar. «At — myrat» diýýän halkymyz oňa degişli ähli zatlary döretmegiň hem ussady. Akhanyň heýkelini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýewiň aýdan sözlerini edil şu pursat ýene bir ýola ýatlaýarys: «Arkadag şäheriniň owadanlygy Akhanyň heýkeliniň ýanyndan has giňden açylýar». Çarpaýa galyp duran bedewde näçe gujur-gaýrat, öňe ymtylyş bar! Onsoň ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine, Arkadag şäheri ýaly gözellikde taýsyz şäherleri gurşuna şu görnüşden has aýdyň göz ýetirýärsiň.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.
Beýleki habarlar