Kämil eserlerde parahatsöýüjilik däpleriniň waspy

29 Iýun 2023
364

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen Bitaraplygynyň taryhy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bitaraplyk — munuň özi, ilkinji nobatda, halklaryň parahatsöýüjilikli häsiýetiniň, özara deňhukukly we ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagynyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan»  eserinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk işine, ygtybarly, durmuş-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň: «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy» kitabynda «Parahatçylyk — Zeminiň asudalygydyr, asmanyň päkizeligidir» diýip, türkmen Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň parahatçylygy berkitmäge gönükdirilýändigini beýan edýär.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar