"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sahna ussatlary Türkmenistanda

14-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara festiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň teatrlarynyň meşhur artistleri gatnaşdylar. Biz hem Halkara festiwalyň dowam edýän günlerinde oňa gatnaşýan myhmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Teatryň täze gadamlary

Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly uly ruhubelentlige beslenýär. Milli teatr sungatyny ösdürmek we onuň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmak maksady bilen geçirilýän festiwala Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşyp, tomaşaçylara öz sahna eserlerini hödürlediler. Teatr adamzat medeniýetiniň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykardy.

Sungat baýramy

Sungat — halklary bir döwräniň daşyna birikdirýär. Birek-birege mähir üleşip, halklary dostanalyga çagyrýar. Megerem, sungatyň güýji diýilmeginiň özi, şonuň üçin bolsa gerek. Şu günler ýurdumyzda dowam edýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem ýokarda aýdylan jümlelere ýene bir gezek esasdyr. Noýabr aýynyň 14 — 16-sy aralygynda geçirilýän bu sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Säher bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada festiwala gatnaşyjy teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Sungatym bar — hormatym bar

Ökde sazandalar ýetişdirilýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Aýratynam, ýaş nesli aýdym-saz sungatyna ugrukdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek wajyp wezipe bolup durýar.

Medeniýetleriň dialogy — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrmagyň we özara düşünişmegiň ýoly

Türkmenistanda teatr sungaty boýunça halkara festiwal badalga aldy Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.

Medeniýetleriň dialogy — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrmagyň we özara düşünişmegiň ýoly

Türkmenistanda teatr sungaty boýunça halkara festiwal badalga aldy Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.

Sungata serhet ýok

Düýn merjen paýtagtymyz Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV Halkara teatr festiwaly öz işine başlady. Şu ýylyň 14 – 16-njy noýabry aralygynda dowam edýän bu festiwala dünýäniň birnäçe ýurdundan teatr artistleriniň döredijilik toparlary gatnaşýarlar. Halkara teatr festiwalynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan, Täjigistandan hem-de Türkiýeden gelen sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde sahna oýunlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alýarlar. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde paýtagtymyzyň teatrlarynda daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary hem guralýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatyny ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda, halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmakda durmuşa geçirilýän şunuň ýaly belent maksatly, asylly işler türkmen teatr sungatynyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artmagyna oňyn şert döredýär.

Halkara teatr festiwaly

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Oňa dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan teatr sungatynyň ussatlary, artistler gatnaşdylar. Halkara festiwalyň açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy-medeni köklerini, ajaýyp teatr sungatyny, milli medeniýetini we nusgalyk ruhy gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmakda bu halkara teatr festiwalynyň ähmiýeti örän uludyr. Dünýäniň, şol sanda sebitiň sungat ussatlarynyň, dramaturglarynyň, alymlaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň meşhurlygy, abraýy, derejesi örän ýokarydyr. Onda teatr, aýdym-saz we tans sungatlarynyň, jemgyýetiň umumy intellektual derejesiniň ähli inçelikleri öz beýanyny tapar. Berkarar Watanymyzda geçirilýän bu halkara festiwal şöhratly taryha, medeni mirasa örän baý türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň ýeten derejesini açyp görkezýän özboluşly baýramdyr. Şeýle halkara festiwallar ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä halklarynyň medeniýetleri, häzirki zaman teatr sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna uly ýardam berýär». Soňra dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň festiwala gatnaşyjyl

Teatr festiwaly açyldy

Şu gün – 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy  adyndaky baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada  «Bagtyýarlyk döwrüniň  teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Sahna sungatynyň toýy

Bu gün goşa teatryň — Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň we Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň ýerleşýän ýeri bolan Magtymguly şaýolunyň ugry köp adamly bolup, ol ýere «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasyna gelenler ýygnanyşdylar, dabaraly pursatlary başdan geçirdiler. Açylyş dabarasynyň öňüsyrasyndaky bu ýakymly pursatlar sungaty söýüjilerde ýakymly duýgulary oýardy.

Çagalar meşhur eserleri ýerine ýetirdiler

Welaýat çagalar sungat mekdebinde okuwçylaryň we onuň uçurymlarynyň gatnaşmagynda kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara mekdebiň milli we halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň 1-nji simfoniýasynyň dördünji bölüminden «Dutar» atly saz bilen başlandy. Topara Gülara Saparowa ýolbaşçylyk edýär. Soňra mekdebiň uçurymy Enejan Nuryýewa Marina Gorbunowanyň sazandarlyk etmeginde «Tilden uýalar» atly aýdym bilen konserti dowam etdirdi.

Sungat baýramy

Şu gün gözel paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda dürli döwletlere wekilçilik edýän teatr toparlarynyň çykyş etmeginde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly öz işine başlady. Festiwalda Türkmenistandan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry, Türkmen döwlet gurjak teatry, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry, Mollanepes adyndaky talyplar teatry we Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry wekilçilik edýär.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä halklarynyň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Teatr sungaty kämilleşýär

Ýurdumyzda medeniýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda teatr sungatyna aýratyn orun berilýär. Teatrlarymyzda tomaşaçylara dürli temalardan sahna oýunlary hödürlenýär. Ol oýunlar daşary ýurtlaryň teatr muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär. Muňa teatr ussatlarymyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Ine, şu gün hem paýtagtymyz Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly açylýar. 14 — 16-njy noýabrda geçiriljek festiwala Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň teatr toparlarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Onuň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi we edebi-çeper çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

Şu gün halkara teatr festiwaly açylýar

14-nji noýabrda Aşgabatda we Arkadag şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly başlanýar. Şol gün 15:00-da Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýny görkeziler.

Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär

Golaýda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda Ýewropa yklymynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdym-saz ussatlarynyň konserti geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Fransiýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanalary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy, paýtagtymyzdaky Fransuz instituty hem-de Fransuz — German medeni gaznasy tarapyndan bilelikde guraldy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky sazandalar topary daşary ýurtly sungat ussatlary bilen ýewropa we türkmen mukamlaryny ýerine ýetirip, medeni çärä gatnaşyjylara ýakymly täsirleri bagyşladylar. Bilelikdäki konsertde ýaňlanan eserleriň hatarynda dünýä belli nusgawy sazlary döreden Lýudwig wan Bethoweniň «Egmont» uwertýurasy, Kamil Sen-Sansyň «Aýralyk tansy», Nury Halmämmedowyň «Simfoniýasynyň» 1-nji bölümi bolan «Andantinosy» bar. Meşhur fransuz kompozitory Pýer Tilluanyň täze döreden «Asmanyň we deňziň pyşyrdylary» atly eseriniň ilkinji gezek saz muşdaklaryna ýetirilmegi konsertiň has-da şüweleňli pursady boldy. Germaniýaly opera hem wokal aýdymçysy Neýma Fişeriň solistlik etmeginde köpçülige ýetirilen eseriň awtory fransuz, sözüni ýazan nemes, sazyny ýerine ýetiren türkmen halkynyň wekilleridir.

«Istedim güýzden seni»

Tebigat — biziň öýümiz. Halkymyz geçmişde wagt aralyklarynyň dowamlylygyny, yzygiderliligini, ölçeg birliklerini takyk kesgitlemek we olardan netijeli peýdalanmak, hadysalaryň sazlaşykly amallaryny kadaly ýöretmek maksady bilen tebigata berk gözegçilik edipdirler. Tebigatda wagt hasaplarynyň bir görnüşi hem pasyllardyr. Pasyllar taryhy ösüşleriň altyn guşagy, ýaşaýşyň janly sahypalary hasap edilýär. Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her biriniň öz aýratynlygy, täsinligi, ajaýyp gözelligi bolýar. Ýylyň dört paslynyň münewweri hasap edilýän güýz pasly senenamamyzda dowamlylygy boýunça 91 güni öz içine alýar. Durmuşda ýylyň pasyllaýyn senenama möwsümi boýunça sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary güýz tapgyry hasap edilýär. Güýz — pasyllaryň ýüpegi, berekediň göwher şapagy. Halk senenamasy boýunça ýörgünli ýyldyz hasabynyň ýaldyrak döwründen 18 gün bilen garagyş döwründen 10 güne deň bolan wagt aralyklaryny öz içine alýan güýz paslynyň dowamynda gijeleriň gündizlerden uzamagy 23-nji dekabra çenli dowam edýär. Pasyllaryň içinde güýzüň möwsümleýin tapgyrlarynda hojalyk-önümçilik işleriniň ähli ugurlarynyň üznüksiz işjeňligi has-da artýar. Nusgawy edebi eserlerde, orta asyr ýazuw ýadygärliklerinde güýz pasly aýralygyň nyşany, adam ömrüniň orta ýaşdan geçen döwri ýaly pursatlary aňladýan leksik manyly birlikler hökmünde hem köp duş gelýär. Güýz paslyny şöhlelendirmekde we suratlandy

«Arkadagyň säheri» – köňüllerde döreder baky bahary

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Kinofestiwal Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ilkinji gezek guraldy. Bu festiwal dünýäniň kino muşdaklarynyň ünsüni Arkadag şäherinde jemledi diýip açyk aýdyp bileris. Sebäbi kinofestiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň kino we teatr artistleri, režissýorlary, prodýuserleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzy Burak Özçiwit, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem bar.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, žurnalymyzyň şu sanynda Ak bugdaý etrabynyň N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýan ýaş suratkeş Serdar Mämiýewiň çeken suratlaryny size hödürleýäris. Ol diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän surat bäsleşiklerine gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnygyny görkezýär. Onuň 2022-nji ýylda Belarussiýa Respublikasynda geçirilen «Planetada çagalar dostlaşýarlar» atly VIII Açyk halkara çagalaryň surat bäsleşigine, şeýle-de 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Türk dünýäsi — ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly bäsleşigine gatnaşyp, degişli şahadatnamalara eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýyllyga bagyşlanyp döredilen kitapda bolsa çeken suratynyň ýerleşdirilmegi onuň ýene bir üstünligi boldy.

Arkadag şäheri – medeni çäreleriň geçirilýän merkezi

Ýakynda Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Ajaýyp keşbi bilen myhman bolanlary haýrana goýýan Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Ýakynda bolsa bu ýerde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti ilkinji gezek geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.