«Istedim güýzden seni»

12 Noýabr 2023
950

Tebigat — biziň öýümiz. Halkymyz geçmişde wagt aralyklarynyň dowamlylygyny, yzygiderliligini, ölçeg birliklerini takyk kesgitlemek we olardan netijeli peýdalanmak, hadysalaryň sazlaşykly amallaryny kadaly ýöretmek maksady bilen tebigata berk gözegçilik edipdirler. Tebigatda wagt hasaplarynyň bir görnüşi hem pasyllardyr. Pasyllar taryhy ösüşleriň altyn guşagy, ýaşaýşyň janly sahypalary hasap edilýär. Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her biriniň öz aýratynlygy, täsinligi, ajaýyp gözelligi bolýar. Ýylyň dört paslynyň münewweri hasap edilýän güýz pasly senenamamyzda dowamlylygy boýunça 91 güni öz içine alýar. Durmuşda ýylyň pasyllaýyn senenama möwsümi boýunça sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary güýz tapgyry hasap edilýär. Güýz — pasyllaryň ýüpegi, berekediň göwher şapagy. Halk senenamasy boýunça ýörgünli ýyldyz hasabynyň ýaldyrak döwründen 18 gün bilen garagyş döwründen 10 güne deň bolan wagt aralyklaryny öz içine alýan güýz paslynyň dowamynda gijeleriň gündizlerden uzamagy 23-nji dekabra çenli dowam edýär. Pasyllaryň içinde güýzüň möwsümleýin tapgyrlarynda hojalyk-önümçilik işleriniň ähli ugurlarynyň üznüksiz işjeňligi has-da artýar.

Nusgawy edebi eserlerde, orta asyr ýazuw ýadygärliklerinde güýz pasly aýralygyň nyşany, adam ömrüniň orta ýaşdan geçen döwri ýaly pursatlary aňladýan leksik manyly birlikler hökmünde hem köp duş gelýär. Güýz paslyny şöhlelendirmekde we suratlandyrmakda «hazan» we «mizan» adalgalary has-da işjeň ulanylypdyr. Şemsi aý hasabynyň sanawynda ýedinji aý mizan, sekizinji aý akrap, dokuzynjy aý kowus diýlip atlandyrylypdyr. «Mizan» pars dilinden geçen söz bolup, türkmen diline terjime edilende gündiziň we gijäniň güýzki deňleşme wagtyny — 23-nji sentýabry, 24-nji sentýabrdan 24-nji oktýabra çenli bolan wagt aralygyny, güýzüň ilkinji ýedi hepdesini, başlangyç aýlarynyň günlerini aňladýar. «Hazan» sözi Günüň tylla tyglarynyň kütelmegini, ýylyň iň hazynaly-jemally möwsümini, daragtlaryň ýapraklarynyň sowuk urmagyny, düşmegini, asman ýyldyzlarynyň, maýyl, güneşli günleriniň has-da azalmagyny aňladýar. Bu sözi şahyrlar eserlerinde garaşylmadyk agyr derdi, duýdansyz gelen sowuk, ajy habary ýaly manylary aňladýan çeper görnüşlerde hem ulanypdyrlar. Sufizm edebiýatynda «hazan» sözi kämillik basgançaklaryna, mertebeliligiň belent derejelerine ýetmegi hem aňladyp gelýän görnüşlerde ulanylypdyr. Orta asyrlarda ýaşap geçen Omar Haýýamyň «Nowruznama» atly eserinde güýz aýlarynyň ady mehr (ähli ekin görnüşleriniň harmanlarynyň ýygnalmagy we hasyl toýy), aban (ygallara baý möwsüm), azer (otaglarda ýylylyga bolan islegleriň artmagy) ýaly görnüşlerde duş gelýär.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar