Sungata serhet ýok

14 Noýabr 2023
632

Düýn merjen paýtagtymyz Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV Halkara teatr festiwaly öz işine başlady. Şu ýylyň 14 – 16-njy noýabry aralygynda dowam edýän bu festiwala dünýäniň birnäçe ýurdundan teatr artistleriniň döredijilik toparlary gatnaşýarlar. Halkara teatr festiwalynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan, Täjigistandan hem-de Türkiýeden gelen sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde sahna oýunlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alýarlar. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde paýtagtymyzyň teatrlarynda daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary hem guralýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatyny ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda, halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmakda durmuşa geçirilýän şunuň ýaly belent maksatly, asylly işler türkmen teatr sungatynyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artmagyna oňyn şert döredýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar