"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dilde dessan Diýarym

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige aýdymçy ýaşlaryň jemi 10-sy gatnaşdy. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dabaralanýan şanly ýylynda geçirilen bäsleşik özüniň ýokary ruhubelentligi bilen tapawutlandy. «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň dowamynda çykyş eden ýaşlar türkmen halk aýdymlaryny, häzirki zaman aýdymlaryny uly ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Biz hem şol bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny size ýetirmegi makul bildik.

Bilimleriň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin döwrebap şertler döredildi. Ýaşlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine kitaphanalar ýakyndan ýardam berýär. Halkymyz kitaba hemişe uly hormat goýupdyr. Taryhy maglumatlar hem ylmyň, medeniýetiň merkezi hasaplanan Merwdäki, Köneürgençdäki kitaphanalarda juda gymmatly kitaplaryň saklanandygyna, halkymyzyň kitaplara aýratyn gymmatlyk hökmünde garandygyna şaýatlyk edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýipdir. Kitap bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan sowallara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris.

Hoşallyk duýgusyny döretdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň 22—27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi her birimizde egsilmez şatlyk we hoşallyk duýgusyny döretdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň nobatdaky dabaralanmasydyr. Medeniýet hepdeliginiň 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralyp gelinmegi diýseň begendirýär. Bu medeni çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilik açmak bilen, güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň toý dabaralaryna baý many-mazmun çaýýar.

Änew — şan-şöhratly mekan

Üstümizdäki şanly ýylda Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejä eýe boldy. Şu mynasybetli mart aýynda gadymy Änew şäherinde ýylyň çärelerine badalga berildi, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, şol şatlykly günlerdäki ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň işgärlerini begendirýän zatlaryň biri-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol gymmatly eserinde biziň muzeýimiz barada söz açylmagydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby muzeýimiziň iň görnükli ýerinde mynasyp orun eýeleýär. Kitapdaky maglumatlar biz üçin gollanma bolmak bilen, has yhlasly we netijeli işlemegimize ruhubelentlik berýär.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Medeniýetiň mertebesi

Medeniýet halkyň kalbydyr diýilýär. Bu dogrudyr. Medeniýet hereketlendiriji güýçdür diýilýär. Bu-da dogrudyr. Eýsem, bir wagtyň özünde halkyň hem kalby, hem hereketlendiriji güýji bolup durýan medeniýet nämedir? Onuň başga-da häsiýetlendirilişi barmydyr? Bar. Medeniýet diýen düşünje şeýle bir giň welin, bir ujy ýedi gat ýeriň jümmüşine direse, beýleki ujy iň ýokarky gatlagyna çykýar. Ýeriň we arşyň aralygynda durup, gollaryny gerse welin, ol bütin Ýer şaryny gurşap alar. Aýagyny ýere urup, depesini äleme direýän bolsa, belki, ol beýleki planetalara-da täsirini ýetirýändir. Muny häzirlikçe kesgitli aýtmak kyn. 1969-njy ýylyň tomsunda amerikan kosmonawtlary Nil Armstrong bilen onuň ýoldaşy Bazz Oldrin ikisi ilkinji gezek Aýa gadam basdy. 2 sagat 31 minut 40 sekunt — ine, olaryň Aýda bolan wagtlary. Bu, elbetde, uly edermenlik. Adamzadyň durmuşynda ägirt uly ädim bolan bu waka bilen baglylykda başga bir zada ünsüňizi çekmekçi bolýarys.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlup ulanylmaga berlen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň dünýä meşhur döredijilik mirasynyň hormatyna dikeldilen belent heýkelde ünsüň biygtaýar eglenýär.

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi

4-nji iýulda Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.  Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Dünýä dolan taglymat

Hormatly Prezidentimiziň medeni taglymaty, ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygyny öňe sürýär. Parahatçylyk diýlen dünýägaraýyşda «umumadamzat», «gatnaşyk», «hyzmatdaşlyk», «agzybirlik» ýaly ugurlar bir sapaga düzülip, aň ulgamyny sazlaýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Döwlet gurluşynda, syýasatda, ykdysadyýetde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýji ähli işe döredijilikli çemeleşmekde — medeni ilerlemelerdedir. Şoňa görä-de biz giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýandygy bilen kämilligiň ýölgörkeziji şamçyragyna öwrülen milli medeniýetimizi barha ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris” diýýär. Halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetini özara gatnaşyklar arkaly dünýä çykarmak, olary sünnäläp nesillere ýetirmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary döredildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmat

Dostlaryň sazlaşykly owazy

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet we sungat wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere — kino günlerine, bilelikdäki konsertlere, maslahatlara, sergilere, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Bular köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynda 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip edipdi. Ine, ýakynda, ýagny 24-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi.

Beýik sungatyň ýoly

Suratda: (çepden) Ata Ablyýew, Bibi Welmyradowa we Akmyrat Çaryýew. Irki döwürlerde obama-oba aýlanyp, toýlarda bagşylar diňlenipdir. Ahal welaýatynda «Garadaşaýak» diýlip atlandyrylan obamyz Gökdepe galasyndan öň hem bar eken. Aýdym-sazyň gadyr-gymmatyna düşünýän bu obalylara şol döwürler «müň öýli garadaşaýaklylar» diýipdirler.

Miwajy (Rowaýat)

Türkmen halky özüni ekläp-saklaýan ene topragyň her bir pelini-goluny, guýusyny-ýabyny söýgüläp-sarpalap atlandyransoň, oňa rowaýat bagyşlap, perzentlerine miras goýupdyr. ...Ir döwürler bir çarwa baýyň bäş ogly bilen bir gyzy bar eken. Garry enesiniň elinde erkelenýän Miwe gyzyň hakyky ady tutulman «Enem gyzy, Enegyzym» diýlip söýgülenipdir. Ogullaryny öýeren baý, olaryň örňäp barşyna guwansa-da, ýeke gyzynyň ýanýoldaşynyň ýogalyp, onuň ýalňyzlygyna gussa çeker eken. Gyzynyň çolaşyk ykbalyna ýüregi bilen gyýlan baý: «Gyzymdan-da at galsyn» diýip, çöl ýerden bir sonarlykda gyzyna niýetläp guýy gazdyrýar. Emma guýudan şor suw çykýar. Muňa gaty gynanan Miwe: «Bu guýynyňam suwy meň maňlaýym ýaly şor eken. Ir gülmedik, giç gülmez. Giç gülmedik, hiç gülmez» diýip, gözýaş döküp aglapdyr. Ony gören guýy ussasy bilen kömekçisi Myrat atly ýigit baýdan rugsat alyp, bäş-alty çakyrym aňyrdan ikinji guýyny gazýarlar. «Yhlasa — myrat». Gijesini gündiz edip işlän ussalar süýji suwuň gözüni açýarlar. Ýazlagçylaryň ýanyna düýe çal, azyk-suwluk bahanasy bilen gatnaýan ýigidi, gelniň görkündenem beter, agraslygy, akyllylygy maýyl edipdir.

Ömrüňiz döwre döwran, Arkadag!

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti «Baky bagtyň aýdymy Siz, Milli Lider Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlady. Kompoziýa sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly taslamanyň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna badalga beren Garyman Arkadagymyzyň beýik işlerine bagyşlandy.

Sanly şäher — şanly şäher

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurlup, açylmagy bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ýörelgesidir. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkyň bähbidine gönükdirilýär. Arkadag şäheri hem Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hut şeýle asylly maksatlaryň we däpleriň esasynda bina edilen şäherdir. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň döwletimiziň we halkyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy netij

«Taryplap Watanyň ýagty ertirin...»

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zehinli bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler. Ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şonuň bilen birlikde-de olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Arkadagly şäherde medeniýetiň mukamy

Her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda merjen Arkadag şäherinde geçirilmeginde uly many bar. Çünki Köpetdagyň eteginde tebigatyň gözel ýerinde gurlan Arkadag şäheriniň ruhy dünýäsi ata-baba milli medeni ulgamy bilen sazlaşýar. Arkadag şäherinden asyrlaryň jümmüşine diň salsaň, türkmen medeniýetiniň taryhynda uly yz galdyran hem-de atlary rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň parahatçylyk senasyna öwrülen sazlarynyň ýaňy gulagyňa eşidilip başlaýar. Medeniýet hepdeliginden soňky oýlanmalar

Bagşy-sazandalar joşa gelende

Bagşydyr sazandalar — türkmen toýlarynyň esasy bezegi. Olara sylag-sarpanyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen dürli bäsleşikleri geçirmeklik ýola goýuldy. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda köküni gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatymyza, milliligimize bolan höwesi, söýgi-buýsanjy has-da artdyrdy.

BAGT BAGYNYŇ BILBILLERI

Bagtyýar çagalygyň, asuda, bolelin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň aýdyň ertirleriniň eýeleri, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň aýratyn ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini ýüze çykarmak, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly halkara sport ýaryşlarynda hem bagtyýar nesillerimiziň gazanýan üstünliklerine şaýat bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu babatda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz bilen ÝUNFPA, ÝUNISEF hem-de BSGG ýaly abraýly halkara guramalaryň arasynda eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar hereket edýär.

Ýurt binaly boldy, döwlet guruldy

Gündogaryň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasyna girizilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň karary bilen 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy il-ýurdumyz üçin uly abraý-mertebedir. Magtymguly Pyragynyň beýikligi onuň goşgularynda durmuş hakykatynyň çeper we öňdengörüjilik bilen beýan edilmegindedir. Beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan, görüň, näçe asyrlardan bäri egsilmez ylham, ruhy güýç alýarlar?! Onuň goşgularynda durmuşyň dürli taraplary içgin beýan edilýär. Şahyryň ruhuňa gudratly bir güýç bolup täsir edýän, ýagşylygy ündeýän setirlerini dünýä halklary hem aýdym edip aýdýarlar.

TOÝ TOÝLANÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý-mertebesi has-da belende galýar. Medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän halk dünýäde başga ýok bolsa gerek?! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl uly dabara bilen bellenilýän bu baýram – Medeniýet hepdeligi «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip, medeniýetimiziň täze taryhy döwründäki beýik galkynyşyny şöhlelendirdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli çäreler türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýaýbaňlandyrylýan medeni köpçülikleýin çäreleriň mazmunynda köp ugurly türkmen medeniýetiniň ähli görnüşleriniň – opera, aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungatlarynyň, edebiýatyň we halk döredijiliginiň özboluşly sazlaşygy öz beýanyny tapýar. Medeniýet hepdeligiň çäklerinde geçirilýän şygryýet agşamlarynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen bir hatarda şahyr ýaşlar hem öz ýürek buýsançlaryny siňdiren goşgularyny okaýarlar. Bu olar üçin özboluşl