Sanly şäher — şanly şäher

3 Iýul 2024
703

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurlup, açylmagy bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ýörelgesidir. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkyň bähbidine gönükdirilýär. Arkadag şäheri hem Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hut şeýle asylly maksatlaryň we däpleriň esasynda bina edilen şäherdir. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň döwletimiziň we halkyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy netijesinde ýurdumyzda we sebitde ilkinji «akylly» şäheriň peýda bolmagy we onda ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin ähli şertleriň döredilmegi örän buýsandyryjydyr.