Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zehinli bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şonuň bilen birlikde-de olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.