Ýurt binaly boldy, döwlet guruldy

3 Iýul 2024
583

Gündogaryň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasyna girizilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň karary bilen 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy il-ýurdumyz üçin uly abraý-mertebedir.

Magtymguly Pyragynyň beýikligi onuň goşgularynda durmuş hakykatynyň çeper we öňdengörüjilik bilen beýan edilmegindedir. Beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan, görüň, näçe asyrlardan bäri egsilmez ylham, ruhy güýç alýarlar?! Onuň goşgularynda durmuşyň dürli taraplary içgin beýan edilýär. Şahyryň ruhuňa gudratly bir güýç bolup täsir edýän, ýagşylygy ündeýän setirlerini dünýä halklary hem aýdym edip aýdýarlar.

Atajan ABDYŞÜKÜROW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.