"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Köňüllere nur çaýýan aýdymlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem berkarar döwletimizde baýramçylyk ruhuna ruh goşup, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Biz hem žurnalyň şu sanynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Gurbanmyradowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Aýnur, seni gazanan ýeňşiň bilen gutlaýarys. Ýeňişleriň höwri köp bolsun! «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşan pursatlaryňdaky duýgularyňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

Her keşp bir dünýäm

Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussatlar barada gürrüň gozgalanda Aman Gulmämmedow, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nury Halmämmedow, Bazar Amanow, Sona we Suraý Myradowalar, Ýelizaweta Garaýewa, Sabyr Ataýewa, Alty Garlyýew, Gurbannazar Ezizow... ýaly läheňler bakylyga ýaň salýan heýkeller kimin göz öňüňde janlanýar. Olaryň hersi bir dünýä, hersi bir taryh. Beýikleriň durmuş ýoly nesillere görelde. Arada Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna tarap ýola düşenimde, teatryň ýerleşýän köçesiniň Sabyr Ataýewanyň adyny göterýändigini görüp, ömrüni teatr we kino sungatyna bagyşlan zehinli aktrisa goýulýan sarpanyň belentdigine buýsandym. Onuň ady öň hem ebedileşdirilip, ömrüni geçiren köçesine — Aşgabadyň Baýkal köçesine dakylypdy.

Reňklerden döreýän gözellik

Suratkeşe hyýalyndakyny we hünär ussatlygyny ulanyp, ajaýyp önümleri döredýän ussat hünärmen diýse bolar. Şunda ol diňe bir işiniň estetiki tarapy bilen çäklenmän, eýsem, müşderileriň we ulanyjylaryň hem isleglerini göz öňünde tutmaly bolýar. Öýümizde abatlaýyş işlerini geçirýän wagtymyzda internet arkaly döwrebap otaglaryň içki bezeglerine üns etdim. Şol gözleglerde hem öýüň içki bezegi üçin taýýarlanylan portretdir asma otag sagadyna, dürli suratlara gabat geldim. Sahypa girip, edilen işleri içgin synlaýan wagtym, ol gözellikleri döredýäniň zenan maşgaladygy meni buýsandyrdy. Ol zenanyň mahabatda görkezilen el telefonyna gyzyklanyp jaň etdim. Suratkeş zenan meniň bilen diýseň mylakatly gürleşdi. Maksadymy aýdanymda bolsa, iş ussahanasynda duşuşmagy teklip etdi.

«Hudaý berse sagadatly bir perzent»

Tirkeş Mätnazarow ençeme ýyllaryň içinde şirin owazy bilen diňleýjileriniň soňsuz söýgüsini gazanmagy başardy. Ýüregiň çuňlugyndan çykan söz, saz, owaz ýene ýüreklere siňýär. Onda-da ol owaz dünýäniň beýik mukaddesligi — eneleriň waspy bolup ýaňlansa, gursagyň töründe näzik duýgulary oýarýar. Döredijiliginde ene temasyny tug edinen Tirkeş Mätnazarow örän seýrek duş gelýän bas sesiň eýesi. Ol tebigy, üýtgeşik sesine ýiti zehinini we yhlasly zähmetini siňdirip, ýüreklerde orun alýan aýdymlary döredýär. T.Mätnazarow 1976-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda dünýä inýär we şol ýerde 4-nji orta mekdebi tamamlaýar. Çagalygyndan aýdym-sazyň täsin jadysyna baglanyp, «sungat» atly ajaýyp dünýäniň bosagasyndan ätleýär.

Ylham berýär bize dana Pyragy

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen danasy» bäsleşiginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» we ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy we milli miras» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Garaşsyz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerini, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny edebiýatyň, sungatyň dürli ugurlarynda wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy özboluşly döredijilik baýramyna öwrüldi.

Ýol goýan ýyldyz

Ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatynda halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. Bu ugurda ýatlanmaga mynasyp halypalaryň biri-de meşhur estrada aýdymçysy Röwşen Hallyýewdir. Gysga ömründe halkyň söýgüsini gazanan aýdymçy Röwşen Hallyýew 1966-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda dogulýar. Onuň kakasyna Täçguly aga diýipdirler. Ejesi Nargül daýza tebipçilik bilen meşgullanypdyr. Bir gün olara Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasow derdine şypa gözläp barypdyr. Şonda Röwşen gundagdaky çagajyk eken. Halypa bagşy çagajygyň sesini eşidip, onuň bagşy bolmagyny arzuw edipdir.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy we Ny­za­my Gen­je­wi

Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenip, «köňlüne geleni taraşlap şagladan» beýik söz ussadydyr.  Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenip, «köňlüne geleni taraşlap şagladan» beýik söz ussadydyr. Bu barada alym Arkadagymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Magtymguly diňe şahyr däl, akyldar, bu häsiýetnama Gündogaryň ussatlarynyň aglabasyna mahsusdyr. Olar filosofiýada, magaryfda, ýene köp ugurlarda bellidirler». Meşhur gündogarşynas alymlar Magtymgulynyň tematik örüsi juda giň hem köptaraply bolan döredijiligini «Jemşidiň jamyna» meňzedip, onuň adyny Gündogaryň beýik danalarynyň hataryna goşupdyrlar.

«Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my:

Ýasunari Kawabata(1899-1972) Ýasunari Kawabata ýapon halkynyň tanymal ýazyjysydyr. Ol 1899-njy ýylyň 14-nji iýunynda Osakada barjamly lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ömrüniň alabaharynda pajygaly ýagdaýda maşgalasyndan jyda düşen Kawabata 1916-njy ýylda mekdep-internata ýerleşýär. Mekdebi tamamlansoň, Tokio imperator uniwersitetiniň ýanyndaky «ilkinji ýokary okuw mekdebine» girmäge synanyşýar. Synaglary üstünlikli tabşyransoň, Kawabata uniwersitetiň ynsanperwer ylymlary fakultetiniň iňlis dili bölümine okuwa girýär. Ýaşlykdan üşükli, dogabitdi zehinli ýazyjy «Bungeýsunýu» atly edebiýat žurnalynda bitiren sansyz tagallalary hem-de ýanbermez yhlasy bilen, eýýäm döwrüniň adygan ýazyjylarynyň gözüne ilmegi başarýar.

Toý bezegi bagşydyr

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal SAPAROWA: — Gahryman Arkadagly we Arkadagly Gahryman Serdarly döwür her bir ynsanyň, ylaýta-da, sungat adamynyň başynyň göge ýetýän, owazynyň alyslara uzaýan, sazynyň ajap heňňamlara öwrülýän, döredijilik işleriniň uly seslenme we goldaw tapýan döwrüdir. Millionlarça ynsanyň ykbalyny arşa göterip duran halkyň beýik ogullarynyň çäksiz aladalary bilen ýürekler joşa gelýär, asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.

Kompozitor — Şa serpaýynyň eýesi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi medeniýet we sungat işgärleriniň hünär-başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrmaga, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, döredijilik işgärleriniň türkmen sungatyny we edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmaklaryna uly ýardam berýär.

Kalbymyzyň soňlanmajak mukamy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy — halkymyzyň ruhy dünýäsiniň galkynmasy. Şu nukdaýnazardan milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan tanymal sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolmak, olaryň zähmet ýoly we döredijilik gözlegleri bilen tanyşmak okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllarynda ylham gory dolup, joşa gelen ildeşlerimiziň biri hem welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowdyr. — Batyr Joraýewiç, Watan her birimiz üçin mukaddeslik. Ýurt garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygymyz Watanyň goşa ganatydyr. Ol düşünjeler her bir döredijilik adamsynyň ylham çeşmesidir.

Ýaşulular — görelde mekdebi

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular halkymyzyň görelde mekdebidir» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Manyly ömrüň agramly bölegini gerdenlerine atan il sylagly ýaşulularymyza, kümüş saçly enelerimize eziz Diýarymyzda uly hormat-sarpa goýulýar. Halkymyzda «Perzent edep görmese, edep görkezmez» diýlen dana pähim bar. Ýaşulularymyz ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Durmuşyň her bir ädiminde olaryň öwüt-ündewlerini diňläp, sala salmak, maslahat soramak halkymyzyň asylly ýörelgesidir. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, ynsaply, sözüne ygrarly, pähim-paýhasly ynsanlar bolup ýetişmeginde dana gojalarymyzyň, mährem enelerimiziň görüm-göreldesiniň, durmuş tejribesiniň ähmiýeti uludyr. Gözel Diýarymyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýaşy uly, göwni kiçi ýaşulularyň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Çünki olar öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi, mukaddes ojaklarymyzyň ýaraşygydyr.

Milli medeniýetimiziň gözýetimleri

Garaşsyzlyk! Goýnunda milletiň mährini, atalaryň pähimini, halkymyzyň bagtyny jemleýän bu keremli söz berkarar Diýarymyzda zamananyň zybanyna, ömürleriň dowamyna öwrüldi. Heňňamlaryň hikmetini heň edinen, Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýen pähimine uýup, umytlara atlanan mähriban halkymyz indi 33 ýyldan bäri Garaşsyzlygyň eşretli hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmunly taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda okgunly ösüşler bilen nurana geljege tarap ynamly gadam urýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň keşbiniň düýpli özgermegi, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurulmagy, ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalaryň işe girizilmegi milletiň ykbalyna nur çaýdy. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşleri milletiň ruhy dünýäsiniň binýady bolan milli medeniýetimiziň pajarlap ösmegine ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdyr» diýip bellemegi milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidigine, umumadamzat medeniýetiniň ösmeginde myna

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Yhlasly işde haýyr bar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çagalaryň aň-düşünjesiniň ýokary bolmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, mugallymlardyr terbiýeçiler çaga terbiýesiniň ýokary bolmagy, olaryň döwrebap kemala gelmegi ugrunda irginsiz aladalanýarlar. Çagalar baglaryna gatnaýan her bir körpäniň bilimli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, eziz Watana, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmegi üçin terbiýeçi-mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler.

Dünýä ýaýylýan medeniýet

Medeniýet halkyň kalbydyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamaga, milli aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy içgin öwrenmäge gönükdirilen işler  durmuşa geçirilýär.

Ýaş zehinler kemala gelýär

Täze taryhy eýýam milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýokary derejelere göterilmegine şert döretdi. Bu günki gün ulgam buýsandyryjy ösüşlere beslenýär. Bu ugurda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň iň oňat däplerini ösdürmäge, halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklaryny dünýä çykarmaga mümkinçilik açýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede ylym-bilim almagy, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, milli mirasymyza buýsanýan, pederlerimiziň asylly däplerine sarpa goýýan, olaryň pähim-paýhasa, ynsanperwerlige ýugrulan ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýärler. Ýurdumyzda medeniýet ulgamyny has-da rowaçlandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ata-babalarymyzdan däp bolup galan halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek, ýaşlaryň öz  zehinlerini açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça barha kämilleşmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Biz okadýan talyplarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Bu maksada ýetmek üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde zehinli ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda aýdym-saz sungaty boýunça bäsleşikler, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Indi ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen «Merdana nesil», «Garaşsyzlygyň merjen d

Beýik dana bagyşlanan bäsleşik

28-nji sentýabrda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­synyň sergiler zalynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Maşgala terbiýesi – edep-terbiýäniň gözbaşy

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ylham ýaýlasy

Görküňe sadaga, güýzüm! (Oýlanma)

Magtymgula tagzym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiniň täze many-mazmun bilen baýlaşyp, görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösýän we şol bir wagtda äleme ýaýylýan şöhratly eýýamydyr. Bu günki gün türkmen halkynyň dünýäsine Magtymgulynyň pähim-paýhasy nur saçýar. 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Bu ýylyň “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagy hem uly şatlykly wakadyr. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz  2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda karara gol çekdi. Şol meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek, ylmy maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary guramak, kitaplaryny neşir etmek, Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşde taýýarlamak göz öňünde tutuldy. “Magtymgula tagzym”, “Kalplara siňen Pyragy”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy”, “Akyl hazynasy”, “Ýagşyny älem arzuwlar” ýaly täze kitaplaryň çap edilmegi we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän beýleki çäreler, duşuşyklar meýilnamanyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýär.  Weli şahyr heňňam aýlandygysaýy öz iline, ata w