«Hudaý berse sagadatly bir perzent»

3 Oktýabr 2024
477

Tirkeş Mätnazarow ençeme ýyllaryň içinde şirin owazy bilen diňleýjileriniň soňsuz söýgüsini gazanmagy başardy. Ýüregiň çuňlugyndan çykan söz, saz, owaz ýene ýüreklere siňýär. Onda-da ol owaz dünýäniň beýik mukaddesligi — eneleriň waspy bolup ýaňlansa, gursagyň töründe näzik duýgulary oýarýar. Döredijiliginde ene temasyny tug edinen Tirkeş Mätnazarow örän seýrek duş gelýän bas sesiň eýesi. Ol tebigy, üýtgeşik sesine ýiti zehinini we yhlasly zähmetini siňdirip, ýüreklerde orun alýan aýdymlary döredýär.

T.Mätnazarow 1976-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda dünýä inýär we şol ýerde 4-nji orta mekdebi tamamlaýar. Çagalygyndan aýdym-sazyň täsin jadysyna baglanyp, «sungat» atly ajaýyp dünýäniň bosagasyndan ätleýär.

Bagtygül NEPESOWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň bölüm başlygy, «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi.