Her keşp bir dünýäm

4 Oktýabr 2024
582

Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussatlar barada gürrüň gozgalanda Aman Gulmämmedow, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nury Halmämmedow, Bazar Amanow, Sona we Suraý Myradowalar, Ýelizaweta Garaýewa, Sabyr Ataýewa, Alty Garlyýew, Gurbannazar Ezizow... ýaly läheňler bakylyga ýaň salýan heýkeller kimin göz öňüňde janlanýar. Olaryň hersi bir dünýä, hersi bir taryh. Beýikleriň durmuş ýoly nesillere görelde.

Arada Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna tarap ýola düşenimde, teatryň ýerleşýän köçesiniň Sabyr Ataýewanyň adyny göterýändigini görüp, ömrüni teatr we kino sungatyna bagyşlan zehinli aktrisa goýulýan sarpanyň belentdigine buýsandym. Onuň ady öň hem ebedileşdirilip, ömrüni geçiren köçesine — Aşgabadyň Baýkal köçesine dakylypdy.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».