Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenip, «köňlüne geleni taraşlap şagladan» beýik söz ussadydyr.
Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenip, «köňlüne geleni taraşlap şagladan» beýik söz ussadydyr. Bu barada alym Arkadagymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Magtymguly diňe şahyr däl, akyldar, bu häsiýetnama Gündogaryň ussatlarynyň aglabasyna mahsusdyr. Olar filosofiýada, magaryfda, ýene köp ugurlarda bellidirler». Meşhur gündogarşynas alymlar Magtymgulynyň tematik örüsi juda giň hem köptaraply bolan döredijiligini «Jemşidiň jamyna» meňzedip, onuň adyny Gündogaryň beýik danalarynyň hataryna goşupdyrlar.