"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şu gün — Arkadag şäherinde VI Wena baly!

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde tans sungatynyň görnüşi bolan Wena baly ýurdumyzda birnäçe ýyllar bäri yzygider geçirilip gelinýär. Sungatyň bu görnüşi, ýagny Wena baly ýurdumyzda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde 2011-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda geçirildi. Wena baly — Ýewropanyň medeni merkezi bolan Wenada yzygiderli amala aşyrylýan çäre. Wena gadymyýetden bäri «bal tansynyň paýtagty» diýen derejäni özünde saklap gelýär. Her ýyl bal möwsüminde Wenada 300 sany bal amala aşyrylýar. Wena baly dürli hünärdäki adamlaryň gatnaşmagynda başlanyp has uly, ýagny döwlet we medeni guramalaryň geçirmegindäki ballar bilen (Wena filarmoniýasynyň baly, Opera baly) jemlenýär.

Kurmangazy Sagyrbaýuly (1818 — 1889)

Mähriban çagalar, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bilen tanyşlygymyzyň barşynda size Gazagystanyň halk sazandasy, kompozitor, dombra oýunçysy, dombra üçin ýazylýan kýularyň (pýesalaryň) awtory Kurmangazy Sagyrbaýuly baradaky maglumatlary ýetirmegi makul bildik. Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýaşan döwründe ozançylyk dessury sebitde meşhur bolupdyr. Netijede, ozançylyk dessury edebiýatyň we aýdym-saz sungatynyň meşhur wekillerini öňe çykarypdyr. Kurmangazy hem şol meşhur wekilleriň biridir. Onuň halky dilde düzen şygyrlary şirin, aýdymlarynyň owazy ýakymly hem labyzly bolupdyr. Bu bolsa gazak sähralarynda ýaşan adamlarda durmuşa söýgini döredip, ulynyň-kiçiniň derdine melhem bolupdyr. Munuň şeýledigine Kurmangazynyň «Alatau» («Aladag»), «Sary-Arka» («Sary arka») eserleriniň mazmun çuňluklaryna, pelsepe dünýäsine aralaşanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu aýdymlarda daglar, bag-bakjalar, guş-gumrular, çeşme-çaýlar, mahlasy, başy belent daglaryň, joşgunly derýalaryň, ak sähralaryň tebigy täsinlikleri, janly-jandarlar... örän inçelik bilen suratlandyrylýar. Özem şu aýdymlarda tebigat janly keşpde şöhlelendirilip, ussatlarça wasp edilýär. Sungaty öwrenijiler Kurmangazynyň öz sözlerine, öz sazyna döreden hem-de özi ýerine ýetiren «Sary-Arka» aýdymyny onuň döredijiliginiň iň belent nokady hasaplaýarlar.

Mukam ilkinji kakuwdan başlanýar

Sazyň ilkinji notalaryndan kalbyň heýjana gelibermesi nämedenkä?! Pianinonyň ilkinji düwmesi basylan badyna ýüregiň jigläbermesi, dutaryň ilkinji kakuwyndan köňül tarlaryň çirtilibermesi näme sebäpden?! Muňa hergiz aň ýetirip bilmersiň, hiç kim düşündirip hem bilmez. Sebäbi gudrata akyl ýetirip bolmaýar, ony diňe duýmak gerek. «Aýdym-saza gudrat» diýseň, kim muňa garşy çykar?! Eýsem, bu gudrata neneň melul bolmajak?!  Daşoguz welaýatyndaky çagalar sungat mekdebine gadam basan badyňa özüňden bidin saz bilen bagly şeýle pikir-duýgulara berleniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu ojak myhman bolup geleni saz bilen garşylaýar. Aýdym-saz mekdebiň ähli künjeginde ýaňlanýar. Şol sebäpden birbada «bu ýerde diwarlar hem owazlanýan bolaýmasyn» diýen pikir döreýär. Şol mahal meşhur nemes ýazyjysy Žan Poluň: «Saz — bu howadaky şygryýet» diýen ganatly jümlesi ýadyňa düşýär.

Çagalyk bilen ýüzbe-ýüz

Iň üýtgewçil zat arzuw. Has-da çagalykda. Çünki ynsan çagalykda diýseň arzuwçyl bolýar, özi-de bir ýa-da iki arzuw bilen kanagat etmän, arzuwlar ummanynda gulaçlap ýüzýär. Şonuň üçin hem islendik adam öz ýanyndan arzuwlary hakynda pikir ýüwürtse, biygtyýar çagalygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Biz hem ýaş döwürdeşlerimiziň arzuwlaryny aýdyňlaşdyrmagyna ýardam eder diýen umyt bilen «Halypalar çagalygyny ýatlaýar» atly sahypamyzda täze bir gahrymanyň çagalyk dünýäsine ýüzlenýäris. Biziň bu gezekki gürrüňdeşimiz Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly KASYMOW. «Çagalygymdan başlanan dünýäm hakynda gürrüň etmek bagtyndan ýüz öwrüp bolmaz-a!» diýip, teklibimizi göwünjeňlik bilen kabul eden ilhalar artistimiziň hoşgylawlygy bizi juda begendirdi. Dem salymlyk sag-amanlyk soraşmadan soň, kärine mahsus şahandazlyk bilen halypa özüniň döredijilik ýoly hakynda gürrüňe başlady:

Tebigy zehin

Pälwan Ýeňişow — heýkel ýasamagyň ýaşajyk ussady Ýurdumyzyň bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha kämilleşýär. Bu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ilkinji 12-nji synpy okaýan okuwçylarymyz ak mekdepleriň bagtyýar gujagyna doldular. Ýurdumyzda milli bilim syýasaty ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar, zehinli ýaş nesilleri kemala getirýär. Ine, häzirki wagtda Babadaýhan etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 12-nji synpynda okaýan Pälwan Ýeňişow hem şol kemala gelýän zehinli ýaş nesilleriň biri.

Sungat älemindäki ýaşajyk ýyldyz

Aýdym-saz — sungatyň iň bir inçe, özboluşly görnüşleriniň biri. Saz ynsanyň ýüregini galkyndyrýar, ajaýyp işlere ruhlandyrýar. Ussat sazandalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň sungat älemine çagalygyndan başlandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Hut şonuň üçin hem ýaşlygyndan saz sungaty bilen meşgullanýan ýaş nesillerimiziň kändigine diýseň buýsanýarsyň. Şeýle jigilerimiziň biri-de, zehinli sazanda — Aýnur Otuzowa. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 12-nji synpynda okaýar. Fortepiano ugry boýunça okaýan zehinli jigimiz heniz alty ýaşyndaka pianino çalmaga başlaýar. Aýnuruň ejesi sazanda bolansoň, gyzjagazyna kiçiliginden saz çalmagy öwredýär. «Fortepiano saz guralynda saz çalmaga bolan höwesim hem ejemiň maslahatlary esasynda döredi. Maşgalamyzda ejem we jigim Döwletmyrat sazanda. Jigim hem ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synpynda okaýar. Ejem meniň saz çalmaklyga, şeýle-de surat çekmeklige bolan höwesimi aňyp, «Geljekde kim bolasyň gelýär? Suratkeşmi ýa-da sazanda?» diýip sorady. Men «Sazanda» diýip jogap berdim. Şondan soň ejem meniň sazanda bolup ýetişmegim üçin kän yhlas etdi» diýip, Aýnur gürrüň berýär.

Medeniýet — milletleriň mertebesi

Paýtagtymyzda geçirilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine aldy hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň gazananlary we meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti, «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy, «Aşgabat» kinoteatrynda «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiadaçy» atly gazak kinofilmleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Eziz çagalar, «Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi» sahypamyzda sungata dahylly bolmak isleýän zehinli okuwçylarymyzyň çeken suratlaryny size hödürleýäris. Bu gezekki sanymyzda dürli reňkleriň üsti bilen täsin şekilleri döredip, gözel tebigatyň hem-de janly-jandarlaryň keşplerini çekmegi başaran zehinli suratkeş jigimiziň — Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Hatyja Gurbanbaýewanyň işlerini synlamaga çagyrýarys. Bu ajaýyp suratlar siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýäris.

«Çagalar dünýäsi» täsin monumental-haşam heýkelleri özünde jemleýär

Bagtyýar zamanamyzda ýaşaýan bagtly çagalaryň wagtlaryny gyzykly, şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaş nesiller üçin köpsanly medeni we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ine, şeýle merkezleriň biri-de paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň XX ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan «Çagalar dünýäsi» söwda-dynç alyş merkezidir. Öz binagärlik gurluşy taýdan bu desga golaýynda ýerleşýän Türkmen döwlet gurjak teatrynyň binasyna çalym edýär. «Çagalar dünýäsiniň» amatly ýerde ýerleşmegi Watanymyzyň geljegi bolan bagtly çagalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. «Çagalar dünýäsi» gözbaşyny geçmişden alyp gaýdýan milli hem döwrebap äheňleri özünde jemleýän häzirki zaman binagärligiň nusgasydyr. Hususan-da, binanyň daşky bezegi ünsüňi özüne çekýär. Onuň daş-töwereginde köpsanly tanymal türkmen heýkeltaraşlary tarapyndan ençeme sungat eserleri oturdylypdyr. Binanyň öňünde oturdylan «Japbaklar» atly özboluşly heýkel eseriniň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, halypa suratkeş Aşyrmuhammet Kulyýewdir. Ol şadyýan Japbaklaryň keşbini diýseň jaýdar görkezmegi başarypdyr. Bürünçden ýasalan bu heýkel her bir ýaş nesli erjellige, tutanýerlilige, maksada okgunlyly

Näme sen?!

«Näme sen» Magtymguly Pyragy

Magtymguly barada aýdylanlardan

Magtymguly — bütindünýä şygryýetiniň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar. Çingiz Aýtmatow,

Pyragy toýa çagyrýar

Şanly toýa özi jarçy,Keýpi, megerem, çag bolýar.Myhmanlary alar garşy,Pyragy toýa çagyrýar. Türkmen toýun tutar kyrk gün,Habar tapman galmaz hiç kim.Kalby joşly, seri göçgün Pyragy toýa çagyrýar.

Kirişlerde owaz eýlär «näzeder»

Milli mirasymyz halkymyzyň gymmatlyklary hökmünde sarpalanylýar. Çünki biz hut milli mirasymyzyň üsti bilen geçmiş taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşýarys. Şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem milli mirasymyzyň öwrenilmegine, baýlaşdyrylmagyna we dünýä ýaýylmagyna uly ähmiýet berýärler. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän milli mirasymyz baradaky gymmatly pikirlerden hem anyk görmek bolýar. Türkmen taryhda özüniň ýetmiş iki saz guraly bilen tanalan halk. Şol ýetmiş iki saz guralynyň içinde bolsa gyjak iň ýörgünli saz gurallarynyň biridir. Bu barada biz döwletimizde tanalýan ussat gyjakçy, welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Timur Atakow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Timur, söhbedimizi gyjagyň taryhy baradaky gürrüňden başlaýaly.

Döwür. Çaga. Terbiýe.

Ajaýyp geljegimiziň aladasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary bagtyýar çagalygyň eşretli mekanyny ýadyňa salýar. Sebäbi, çagalar baglarynda körpe nesliň wagtyny peýdaly hem-de gyzykly geçirmegi üçin ähli amatlyklar döredilýär. Çagalar baglarynda oglanjyklardyr gyzjagazlar uly alada bilen gurşalyp, olar döwrebap terbiýe we bilim alýarlar.

«Ýolbarslyda» düşürilen surat

Käte-käte öz şahsy arhiwime göz aýlamak edähedim bar. Golaýda hem bir zady gözläp, şol arhiwimi gözden geçirip otyrkam kakam Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenýaz Nobatow bilen Murgap etrabyndan mugallym Halykberdi Gurbanseýidowyň bile düşen suraty öňümden çykdy. Ýadymda, ol surat 1993-nji ýylda düşürilipdi. Şol gün Mary şäherindäki belli «Ýolbarsly» çaýhanasy düýpli abadanlaşdyrylandan soňra onuň açylyş dabarasy geçirilipdi. Ol çaýhana diňe bir nahar iýilýän ýer bolman, eýsem, köpçüligiň üýşüp pikir alşylýan, bagşy-sazandalaryň aýdym aýdyp, saz çalyp, märekäniň göwünlerini awlaýan ýeri hökmünde belli bolupdyr. Mydama mähellesi ýetik bolan bu çaýhanada geçen asyrda atam Nobat bagşy-da, soňra kakam Ödenýaz Nobatow hem aýdym-sazyň muşdaklarynyň göwünlerini göterýan aýdymlary aýdyp beripdiler. Ine, şol çaýhana düýpli abadanlaşdyrylypdy. 1993-nji ýylyň oktýabrynda hem dabaraly ýagdaýda açylypdy. Onuň tutumy uludan tutulypdy, alysdan-golaýdan myhmanlar gelipdi. Şol gün irden kakamyň ýol şaýyny tutup, bu dabara gideni häzirem göz öňümde dur. Şol ýerde hem surata düşürilipdir.

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi.

Türkmenistan — Gazagystan: dostlukly halklaryň medeni dialogy

Şu günler paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekilçilikli topar Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde doganlyk gazak halkyny Watanymyzyň medeni-ynsanperwer ulgamda gazananlary bilen tanyşdyrdy. Bu gün bolsa türkmen paýtagty Gazagystanyň medeniýet işgärlerini garşylady. Medeniýet ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň ösüşi barada aýdylanda, iki ýurduň hemmetaraplaýyn işjeň dialogynyň kemala gelendigini, umumy taryh, ruhy gymmatlyklar hem-de ýörelgeler bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan bu gezekki medeni çäre iki halky has-da ýakynlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

Medeniýet — dostlugyň ýoly

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekiliýet Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza iş sapary bilen geldi. 7 — 9-njy oktýabr aralygynda geçirilýän bu medeni forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralanýan halkara medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini artdyryp, türkmen-gazak doganlyk gatnaşyklaryny ilerletmekde möhüm wakadyr. Watandaşlarymyzy gazak medeniýetiniň özboluşlylygy, ýakymly aýdym-sazlary bilen tanyşdyrýan konsertleriň, medeni çäreleriň öňüsyrasynda myhmanlaryň ýürek sözlerini, iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-ruhy umumylyklar baradaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. Altyn ŽOTABAÝEWA, Roza Baglanowa adyndaky «Gazakkonsert» Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysynyň döredijilik boýunça orunbasary:

“ALAJA ALADYRYN...”

Milli keşdeçilik sungatynyň görnüşleriniň biri bolan alajalar ýaşaýyş-durmuşymyzda aýratyn orun eýeleýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu inçe senedi ene-mamalarymyz ak, gara, şeýle-de dürli reňkli ýüň we ýüpek sapaklaryň özara sazlaşygyndan döredipdirler. Bu ajaýyp el işini örme, işme, keşde, basma, gaýma usullarynda ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Zenanlarymyzyň çeper el işleriniň ählisine eriş-argaç bolup aralaşan alajalar özboluşly gözelligi, şeýle-de ruhy güýji bilen adam nazaryna ilgiç, ünsi çekiji bolupdyr. Şonuň üçin ene-mamalarymyz olar gözden-dilden goraýar diýip yrym edipdirler. Halk döredijiliginde: Alaja aladyryn,Nagyşa läledirin,Göz salanyň gözüneGörünmez beladyryn —

«Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!»

Bu Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagşy zenanyna bagyşlap ýazan goşgy setirlerinden alnan ajaýyp jümle. Ylahy zehinli zenan Jemal Saparowa ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyş edip, uzak ýyllaryň dowamynda yhlasly we döredijilikli zähmet çekip gelýär. Mahmal owazy bilen halkymyza ruhy şatlyk paýlap, aýdym-saz sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge, dünýä ýaýmaga uly goşant goşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede uludan bellenilýän ýyly bagşy zenanyň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak ýakymly wakalar bolup geçdi. Bu ýyl gözellikde deňsiz-taýsyz Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň açylmagy mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli aýdym-saz sungatymyza goýýan çuňňur hormat-sarpasynyň neneňsi belentdiginiň aýdyň beýany bolup, joşgunly köňüllerde uly buýsanç döretdi. Bu bagtyýar pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň: «Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz! Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!» diýen setirleri öz içine alan ajaýyp goşgusyny diňlemek, hemmämiz üçin diýseň ýakymly boldy. Biz medeniýete, sungata, aýdym-saza sarpaly döwürde ýaşaýarys. Milli sungatymyzyň hossarly, howandarly döwrüniň aýdymçysy bolmakdan, Garaşsyz Watanymyzyň toý-baýramly günlerini owazly aýdym-sazlary bilen bezäp, il-günümize ru