Kurmangazy Sagyrbaýuly (1818 — 1889)

9 Oktýabr 2024
462

Mähriban çagalar, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bilen tanyşlygymyzyň barşynda size Gazagystanyň halk sazandasy, kompozitor, dombra oýunçysy, dombra üçin ýazylýan kýularyň (pýesalaryň) awtory Kurmangazy Sagyrbaýuly baradaky maglumatlary ýetirmegi makul bildik. Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýaşan döwründe ozançylyk dessury sebitde meşhur bolupdyr. Netijede, ozançylyk dessury edebiýatyň we aýdym-saz sungatynyň meşhur wekillerini öňe çykarypdyr.

Kurmangazy hem şol meşhur wekilleriň biridir. Onuň halky dilde düzen şygyrlary şirin, aýdymlarynyň owazy ýakymly hem labyzly bolupdyr. Bu bolsa gazak sähralarynda ýaşan adamlarda durmuşa söýgini döredip, ulynyň-kiçiniň derdine melhem bolupdyr. Munuň şeýledigine Kurmangazynyň «Alatau» («Aladag»), «Sary-Arka» («Sary arka») eserleriniň mazmun çuňluklaryna, pelsepe dünýäsine aralaşanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu aýdymlarda daglar, bag-bakjalar, guş-gumrular, çeşme-çaýlar, mahlasy, başy belent daglaryň, joşgunly derýalaryň, ak sähralaryň tebigy täsinlikleri, janly-jandarlar... örän inçelik bilen suratlandyrylýar. Özem şu aýdymlarda tebigat janly keşpde şöhlelendirilip, ussatlarça wasp edilýär. Sungaty öwrenijiler Kurmangazynyň öz sözlerine, öz sazyna döreden hem-de özi ýerine ýetiren «Sary-Arka» aýdymyny onuň döredijiliginiň iň belent nokady hasaplaýarlar.