Milli mirasymyz halkymyzyň gymmatlyklary hökmünde sarpalanylýar. Çünki biz hut milli mirasymyzyň üsti bilen geçmiş taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşýarys. Şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem milli mirasymyzyň öwrenilmegine, baýlaşdyrylmagyna we dünýä ýaýylmagyna uly ähmiýet berýärler. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän milli mirasymyz baradaky gymmatly pikirlerden hem anyk görmek bolýar. Türkmen taryhda özüniň ýetmiş iki saz guraly bilen tanalan halk. Şol ýetmiş iki saz guralynyň içinde bolsa gyjak iň ýörgünli saz gurallarynyň biridir. Bu barada biz döwletimizde tanalýan ussat gyjakçy, welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Timur Atakow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Timur, söhbedimizi gyjagyň taryhy baradaky gürrüňden başlaýaly.