«Ýolbarslyda» düşürilen surat

9 Oktýabr 2024
475

Käte-käte öz şahsy arhiwime göz aýlamak edähedim bar. Golaýda hem bir zady gözläp, şol arhiwimi gözden geçirip otyrkam kakam Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenýaz Nobatow bilen Murgap etrabyndan mugallym Halykberdi Gurbanseýidowyň bile düşen suraty öňümden çykdy. Ýadymda, ol surat 1993-nji ýylda düşürilipdi. Şol gün Mary şäherindäki belli «Ýolbarsly» çaýhanasy düýpli abadanlaşdyrylandan soňra onuň açylyş dabarasy geçirilipdi. Ol çaýhana diňe bir nahar iýilýän ýer bolman, eýsem, köpçüligiň üýşüp pikir alşylýan, bagşy-sazandalaryň aýdym aýdyp, saz çalyp, märekäniň göwünlerini awlaýan ýeri hökmünde belli bolupdyr. Mydama mähellesi ýetik bolan bu çaýhanada geçen asyrda atam Nobat bagşy-da, soňra kakam Ödenýaz Nobatow hem aýdym-sazyň muşdaklarynyň göwünlerini göterýan aýdymlary aýdyp beripdiler.

Ine, şol çaýhana düýpli abadanlaşdyrylypdy. 1993-nji ýylyň oktýabrynda hem dabaraly ýagdaýda açylypdy. Onuň tutumy uludan tutulypdy, alysdan-golaýdan myhmanlar gelipdi. Şol gün irden kakamyň ýol şaýyny tutup, bu dabara gideni häzirem göz öňümde dur. Şol ýerde hem surata düşürilipdir.

Tö­re NO­BA­TOW,
Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan me­de­ni­ýet iş­gä­ri.