"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Röwşen geljegimiz ugrunda

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän

Döwlet resminamalary berildi

Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ― 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, hormatly ýaşulular we eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sürüjilere maslahatlar

Mälim bolşy ýaly, endikler köp babatda şahsyýetiň adamkärçilik derejesini kesgitleýär. Jemgyýet bize endiklerimize garap baha berýär. Durmuşda hem endiklerimize, hereketlerimize görä orun tapýarys. Bu ýagdaý ýol hereketi babatynda hem şeýle. Ýol hereketine gatnaşýan wagtymyz özümizde gowy endikleri taplamagy başarsak, şonça-da ýol hadysalarynyň döremek töwekgelçiligi azalýar. Ýöne gynansak-da, kähalatlarda özünde kemala gelen erbet endikleri sebäpli ýol hadysalaryna uçrap, özüni we töweregindäkileri uly howp astynda goýýanlar hem ýolda-yzda gabat gelýär. Öňden barýan awtoulaga has golaý barmak ― öňdäki awtoulagyň sürüjisiniň aňyna ýaramaz täsir edip, ol dolandyrýan awtoulagynyň tizligini gataltmaga mejbur bolýar. Yzdan golaý barýan ulagyň çyralary onuň gözlerini gamaşdyryp biler. Şeýle etmek bilen, siz heläkçilikli ýagdaýy döredip biljekdigiňizi ýatdan çykarmaň. Meselem, tejribesiz sürüjiler şeýle ýagdaý sebäpli, awtoulag heläkçiligine getirip biljek ýalňyşlyklary goýberip biler.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi Golaýda Daşoguz şäherindäki Bagt köşgi toý-dabaralar merkezinde TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, TKA-nyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Zähmet çekseň — il tanar

Halkymyz il-gün üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän adamlara hormat, sarpa goýýan halkdyr. Il-günüň şeýle uly hormatyndan peýdalanýan watandaşlarymyzyň biri hem Gyzylarbat etrabynda ýaşaýan mugallym Eýeberdi Täçmyradowdyr. Sekiz onlugy arka atan Eýeberdi aga bilen duşuşmak üçin öýüne baranymyzda, halypanyň iş stolunyň üstünde duran birnäçe kitaplarda we Hormat hatlarda gözümiz eglendi. Biz onuň bilen içgin söhbet edip başlanymyzda, ol türkmen ýaşulusyna mahsus pessaý sesi bilen özüne degişli birnäçe maglumatlary we fotosuratlary emaý bilen bukjanyň içinden çykaryp, zähmet we durmuş ýoly barada gürrüň berdi: —1942-nji ýylda Gyzylarbatda demirýolçular maşgalasynda dünýä inip, şol ýerde terbiýelendim. 1958-nji ýylda Bäherden etrabynyň Bamy obasyndaky 18-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýyl Aşgabat şäherindäki Ýer gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň hasabat bölümine synagsyz okuwa kabul edildim. Ony 1960-njy ýylda tapawutlanan Diplom bilen tamamladym.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy ýaşlara söz berýäris

Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, mährem eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy. Biz hem taryhy mejlise gatnaşan ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KIÇIJEK ÇAGA IŇ GOWY ZATLARY GÖRKEZMEK WE BERMEK GEREK

Sagdyn ýaşaýşyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, abadan durmuşyna gönükdirilen asylly işler özüniň aýdyň netijesini berýär. Watanymyzda güýzüň ilkinji aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ýurt derejesinde geçirilmegi hem döwletimizde adam hakdaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyna güwä geçýär.

Medeni miras: geçmişden geljege tarap

Halkymyzyň baý geçmiş taryhyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde geçiren ylmy-amaly maslahaty täsirli pursatlara baý boldy. «Medeni miras: geçmişden geljege tarap» diýen şygar bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahatda çykyş edenler gadymy ýadygärliklerimiziň häzirki wagtda giňden öwrenilýändigini, taryhy ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň ata Watanymyzyň baý geçmiş taryhyndan habar berýändigini bellediler.

Watan — bagtyň sakasy

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň ýakymly pursatlarynyň ähli halkymyzyň, dünýä türkmenleriniň hakydasyna dolan günlerinde, ata Watanymyzyň çar künjünde üstünlikli geçen Baş baýrama hem-de tutuş ýylyň dowamynda doglan gününiň 300 bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, dürli döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat hem-de dabaraly çäreler geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýakymly pursatlary bilen ençeme ynsanyň hakydasyna berçinlän şeýle dabaraly çäreleriň biri-de geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet akademiýasynda boldy. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen Danasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. Taryhy döwürlerde ýüze çykan dürli sebäplere görä, ata-babalary eziz Diýaryndan alyslarda mekan tutunyp, şol ýerlerde öý-ojak edinen dünýä türkmenlerini her ýyl ata Watanda bir supranyň başynda jemleýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky dabaraly maslahaty guralýar. Milli söýgini dabaralandyrýan bu maslahatyň Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Onda dünýä türkmenleriniň wekilleri taryhy ata Watanlarynda bir supranyň başynda jemlenýär we döwletimiziň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, Garaşsyzlygynyň toý

Körpelerde sagdynlyk endiklerini gazanmagyň ýollary

Welaýat çagalar kitaphanasynda «Dogry iýmitlenmek ― saglygyň sakasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi hem-de sergi guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 59-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çärede kitaphanaçylaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň we arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini ündeýän gurjak oýunlary görkezildi. Geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygyny goramak esasy wezipeleriň biridir. Bu işde olar bilen geçirilýän duşuşyklar uly ähmiýete eýe.

Türkmen tebigaty waspyň dillerde

Hormatly Prezidentimiziň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygy esasynda geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýylyň dowamynda yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol Baş baýram — döwlet özbaşdaklygynyň 33 hem-de dünýä akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birine öwrüldi. Onda «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ýylyň başynda bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.  Dabaraly çärä döredijiligi hemra edinip, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, bagtyýar ýaşlarymyz, medeniýet we sungat ulgamynyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy hem-de köpçülikleýin agzalary, halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar gatnaşdy. Turuwbaşdan, şowhuna beslenen çärede birnäçe çuň many-mazmunly çykyşlar boldy. Olarda türkmen danasynyň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň dürdäne setirlerinde we tutuş süňňünde ýokary çeperçilik serişdeleri bilen beýan edilen düýe ýaly harsaň daşly daglarymyz, halkymyzyň göwni kimin giň sähramyz, ylh

Garaşsyzlyk ― ak bagtym

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdepde «Garaşsyzlyk ― bagtyýar geljegiň synmaz sütüni» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler kalbymyza ylham joşgunyny bagyşlaýar. Şeýle bolansoň, mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyz we ajaýyp döwrümiz wasp edildi.

Möhüm wezipeler maslahatlaşylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde eden çykyşlary ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin belent özgerişlikleriň täze sahypasyna öwrüldi. Bu çykyşlar ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermekde ýetilen sepgitleriň we öňde durýan maksatlaryň özboluşly sazlaşygyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini ylym, bilim we medeniýet bilen berk baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz altyn güýzüň ilkinji gününde täze bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylmagyny, birinji synpa okuwa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterleriň sowgat berilmegini ýakym bilen ýatlady. Ýurdumyzda çagalar edaralarynyň hem-de orta mekdepleriň sanyny artdyrmak bolsa ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm ädimleriniň biri hökmünde görkezildi. Şunda ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek hem teklip edildi.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çözgütlerine bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň we bilim ulgamynyň wekilleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda üstünlikli geçen bu döwletli geňeşiň taryhy-syýasy ähmiýeti, ony ilat arasynda wagyz etmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeler barada durup geçdiler. Çuňňur mazmuna we ýokary işjeňlige beslenip geçen maslahatda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanan dabara

Şu gün welaýat hem-de Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Döwletimiz tarapyndan ýaşuly nesliň wekillerine goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrülen dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygyny, ýaşuly nesliň wekillerine belent sarpa goýulýandygyny, olaryň döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alnandygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşan il sylagly ýaşululara, kümüş saçly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy. Maslahatda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginiň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň gerim berildi.

Hasyl möwsüminde ýangyndan ägä boluň!

Zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň bütin ýylyň dowamynda ýadawsyz zähmet çekip, ýetişdiren bol pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de isrip etmän, ýitgisiz ýygnap almak, ony dilsiz-agyzsyz ýangyn howpundan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy pagta taýýarlaýyş nokatlarynyň, ammarlaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanlaryň çäklerinde şularyň gadagandygyny ýatladýar: – näsaz gapylary bolan elektrik paýlaýjy germewleri ulanmak, elektrik geçirijileri pagta harmanlarynyň üstünden geçirmek, elektrik geçirijilere, öçürijileridir olaryň birikdirilen ýerlerine goşmaça enjamlary birikdirmek, ýagtylandyryş çyralaryny gorag aýna örtügi bolmazdan ulanmak, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň elektrik akymyna garşy duruş derejesini synagdan geçirmezden ulanmak, näsaz ýa-da wagtlaýyn asma görnüşinde geçirilen elektrik geçirijileri ulanmak, pagta harmanlarynyň çäginde awtoulag serişdelerine ýag-ýangyç guýmak, pagta ýükleýjileri, dargadyjylary näsaz ýagdaýda ulanmak.

Halk hakyndaky alada

Eziz Diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Onuň dowamynda ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri we beýleki dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem biraýlygyň ýokary guramaçylyk ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen ýörite meýilnama tassyklanyp, onda göz öňünde tutulan wezipeler ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalary tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny, abadan durmuşyny goramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksadynda täze kanunlaryň kabul edilip, döwlet derejesinde düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulag ýollarynyň, köprüleriň, awtomenzilleriň gurulýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bularyň ählisi ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň halk üçin edýän uly aladalarynyň netijesidir.

RÖWŞEN GELJEGI NAZARLAP

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde taryhy çözgütler kabul edildi. Şanly sene — mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy waka hökmünde sene ýazgymyza girdi.

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.