Garaşsyzlyk ― ak bagtym

30 Sentýabr 2024
407

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdepde «Garaşsyzlyk ― bagtyýar geljegiň synmaz sütüni» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler kalbymyza ylham joşgunyny bagyşlaýar. Şeýle bolansoň, mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyz we ajaýyp döwrümiz wasp edildi.

Hallygözel HANGELDIÝEWA,
Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.