Röwşen geljegimiz ugrunda

30 Sentýabr 2024
375

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän döwlet we milli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleri eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň galkynmagyna mynasyp goşant goşýan ýaşlarymyzyň ylmy we döredijilik başlangyçlarynyň mysalynda hem anyk görünýär. Bu işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň döwlet syýasatymyzda öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Taýýarlan Mährijemal PAŞYKOWA,
«Watan».