Körpelerde sagdynlyk endiklerini gazanmagyň ýollary

30 Sentýabr 2024
356

Welaýat çagalar kitaphanasynda «Dogry iýmitlenmek ― saglygyň sakasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi hem-de sergi guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 59-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri gatnaşdylar.

Çärede kitaphanaçylaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň we arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini ündeýän gurjak oýunlary görkezildi. Geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygyny goramak esasy wezipeleriň biridir. Bu işde olar bilen geçirilýän duşuşyklar uly ähmiýete eýe.

Laçyn AŞYROWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri.