"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglykly sütün

◊ Golaýda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň: tüwüli, tüwüli we bananly, manny ýarmasy we ary bally, däneli ösümlikleriň şüleleri ýaly görnüşlerini taýýarlamak işi ýola goýuldy. ◊ Jadygöýler, şamanlar, porhanlar, derwüş-diwanalar, bagşy-ozanlar ilkinji lukmanlardyr. Olaryň tansa meňzeş dürli hili geň hereketleri, şeýle-de täsin sesleri çykarmaklary bilen hassanyň keselini kowýandyklaryna ynanylypdyr.

Supra ýaraşygy — myhman

Halk hökmünde kemala geleli bäri myhmanparazlyk türkmeni bezeýän iň gowy häsiýetleriň biridir. Şeýle bolansoň, halkymyz myhman barmaýan öýi asla halamandyr. Ony «Gorkut ata» kitabyndaky «Myhman gelmeýän gara öýler ýykylsa ýeg» diýlen jümle aňryýany bilen subut edýär. Ýöne nätjek, ilçilik, ýek-tük myhman kabul etmegi halamaýanlar hem tapylýar. Bu barada rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: bir gyz özüne aşyk ýigidiň öňünde türkmeniň aňyna-oýuna gelmejek şerti goýýar. Ol şerte görä, durmuş guranlaryndan soň ýigit öýüne hiç haçan yzyna adam tirkäp gelmeli däl. Elbetde, şert ýöne-möne şert däl. Onuň üçin, birinjiden, milletiň myhmansöýerlik häsiýetinden ýüz öwürmeli. Ikinjiden bolsa, erkinligiňi elden giderip, ilkinji günden jylawyňy keýwanyň eline bermeli. Bu şertler hernäçe kynam bolsa, gyzy ýürekden söýen ýigit ony duluna geçirensoň terbiýelärin diýen umyt bilen razylaşýar. Şeýdip, olar toý tutýarlar.

Ýüreklerde ýer eden ýatlamalar

Golaýda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Olar ýüreklerde ebedi ýaşar» atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Kalbymyzda ýaşaýar...»

«Akylly» şäherde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 6-njy oktýabrda — Hatyra gününde 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýertitremesiniň pidalaryny hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hatyralamak çäresi ömrüni ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagyna bagyşlan mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak bilen başlandy. Bu çärä «akylly» şäherde ýaşaýan ak sakgally ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlar, talyplar hem-de okuwçylar gatnaşdylar.

Halypanyň ynamy şägirtde

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Şol Kanunyň 6-njy maddasynyň 24-nji böleginde ýaşlara bilim bermekde, hünär öwretmekde, olary terbiýelemekde halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerinden giňden peýdalanmalydygy hakynda beýan edilmegi hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredendir diýip pikir edýärin. Çünki ata-baba gelýän bu ýörelgäni türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz häzirki döwre laýyk ösdürip, ýaşlary ählitaraplaýyn kämil ynsanlar edip ýetişdirmekde halypa-şägirtlik milli mekdebimiziň ähmiýetiniň diýseň ýokarydygyny bütin dünýä äşgär etdi. Şeýle hem bu Kanun Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýiti akyl-paýhasly, jöwher zehinli, watanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edip, halypa-şägirtlik ýörelgesine uly ähmiýet berýändiginiň güwäsine öwrüldi. Ençe ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen halypa-şägirtlik mekdebiniň ähmiýeti hakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplarynda ýüregiňe jüňk bolýan söhbetler edilýär. «Özüňde baryny geljege geçirmek, dowamata galdyrmak her bir ussadyň öňündäki iňňän uly jogapkärçilikdir» diýip, hünärine kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde

Wagty abraý gazanmak üçin ulanmaly

Wagt we abraý bir-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Abraýly ömür sürmek üçin wagty tygşytly ulanmak gerek. Wagty bisarpa tutup abraý gazanyp ýa-da ony isledigiňçe toplap bilmersiň. Durmuşda wagt baýlygyny her hili harçlaýan adamlar duşýar. Aň ýetirene wagt şol bir wagtda ynsana dost hem duşman. Munuň özi wagtyň rejeli ulanylyşyna bagly. «Adam ömri gysga» diýilýär. Hakykatyn-da, ol biziň çak edişimizden hem has çäkli. Aýdalyň, adam altmyş ýaşapdyr. Şonuň azyndan üçden bir bölegi uka gidýär. Ynsan ömrüniň başky on ýylyny çagalyk, soňky onlugyny garrylyk tutýar diýsek, ynsanyň şahsy durmuşyna (özüne serenjam bermek, dynç almak we ş. m.) gidýän wagty hasaba alynmanda, haýyrly işlere, ýagny abraý gazanmaga ynsana kän bir wagtam galanok... Wagt ömür ýolunyň tebigy kadalary

Maslahat geçirildi

Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty geljekki ösüşleriň aýdyň ýoludyr» atly maslahat geçirildi. Mekdebiň dabaralar zalynda geçirilen maslahata mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Mejlisiň deputaty Ogulşad Durdymedowa, mugallymlar Saparbaý Jumaýew, Gaýypnazar Nurnazarow, Güljemal Omarowa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Jennet Gulmyradowa, TSTP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Döwran Atabaýew dagy çykyş edip, halk häkimýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetiň syýasy ulgamyny mundan beýläk hem  kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedigi barada täsirli gürrüň etdiler. Oňa ýaňy-ýakynda işjeň ýagdaýda geçen umumymilli forumda kabul edilen taryhy çözgütleriň anyk esas bolup durýandygy nygtaldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy belent derejelere  ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tutumly işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

Taryhy waka bagyşlanylan maslahat

Milli demokratiýanyň kämil nusgasy Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigi mynasybetli maslahatlar giň gerim alýar. Ýakynda Mary şäheriniň merkezine bezeg berip oturan «Mary» myhmanhanasynda «Halk maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy» ady bilen geçirilen maslahat hem taryhy waka bagyşlanyldy. Maslahat TDP-niň welaýat, Mary şäher we etrap komitetleri hem-de TKA-nyň welaýat, Mary etrap birleşmeleri tarapyndan guraldy. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň bölüm müdiri Myrat Ataýew alyp bardy.

Halk hakydasy nesilleriň terbiýe mekdebidir

Hatyra gününde — 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralandy. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen halkyna mahsus ruhubelentligiň şol ýyllaryň kynçylyklaryny we ýitgileriniň yzasyny ýeňip geçmekde synmaz güýç bolandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardylar.

Maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri — Garaşsyz Watanymyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň kepili» atly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde, şeýle hem halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meselelerden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Olarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşy, kabul edilen çözgütler esasynda gol çekilen resminamalaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmekdäki, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Adam görki — akyl, söz görki — nakyl

Asyrlaryň jümmüşinden syzylyp, şu günlerimize ýetip gelen, nesillere ýol-ýörelge bolan nakyllar halkymyzyň dilinde iň bir ýönekeýden giň manyny özünde jemleýän halk döredijiliginiň bir görnüşidir. Ata-babalarymyzyň durmuşyň ençeme synaglarynda syntgylan pähim-parasadydyr. Biziň islendik işde many ýüki ýetik nakyllara häli-şindi salgylanmagymyz hem şondan. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda agzybirlik, jebislik, geňeşmek, maslahatlaşmak, döwletli iş tutmak dogrusynda nakyllardan käbir mysallary getirdi. Ol nakyllaryň her biri ýaş nesillerimiz üçin merdana pederlerimiziň parasatlylyga, agzybirlige, haýyr-sahawatlylyga esaslanýan döwletlilik ýoluna çagyryş bolup ýaňlandy. Gazetimiziň şu sanynda şol nakyllaryň milli terbiýe mekdebimizde tutýan orny barada söhbet etmegi makul bildik.

«Watan bolsa daşyňda — bagt guşy başyňda»

Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetimiz, adatdakysy ýaly, ýene beýik Pyragynyň döredijiligi hakynda boldy. Bu sapar Aba aga bize Magtymgulynyň özbaşdak döwlet gurmak, erkin ýaşamak barada döreden şygyrlary bilen baglanyşykly agasy Gara işanyň il-halkdan toplan maglumatlary dogrusynda gürrüň berdi. Bu maglumatlary Aba dädäniň dilinden okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. Agamyz Gara işanyň şahsy arhiwinde saklanýan maglumatlara görä, Magtymguly ene topragyň ezizligine, ony goramagyň mukaddes borçdugyna, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin erkinligiň zerurlygyna ir düşünipdir.

Abadan ýaşaýşymyzy goralyň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy edaralaryň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada, şulary ýatladýar: – edaralaryň binadyr desgalarynda jaýlary ýylatmak üçin döwlet ülňülerine gabat gelmeýän senetçilik usulynda ýasalan we näsaz gaz we elektrik gyzdyryjy enjamlary ulanmak, şonuň ýaly hem ýörite enjamlaşdyrylan otaglardan başga ýerlerde nahar taýýarlamak, suw gaýnadyjylary, elektrik çäýnekleri, gaz plitalary we şulara meňzeşleri ulanmak, halas ediş ýollarynda ýüz görülýän aýnalary goýmak;

Hakydadaky mähribanlar

Ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanylýar. Ynsan üçin göbek ganynyň daman ene topragyndan — ata Watanyndan gymmatly mukaddeslik ýok. Watanyň azatlygy, erkinligi üçin aldym-berdimli söweşlerde janyny orta goýan atalaryň gahrymançylykly ömür ýoly, nesilleriň ýagty geljegi üçin alyp baran göreşi hiç haçan unudylmaýar, olar hakydalarda ýaşaýarlar. Olar Watan, il-halk, azatlyk üçin gan döküp, şirin janyny gaýgyrmadyk gahrymanlar.

«CIET-2024» halkara forumyna gatnaşyjylary hasaba alyş başlandy

Şu ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET- 2024») atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleriniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bilelikde guramagynda geçiriljek iri halkara ähmiýetli çäre erkin senagat zolaklaryny döretmekde we türkmen tarapynyň halkara maliýe guramalary hem-de kompaniýalary bilen özara gatnaşygy barada pikir alyşmakda, gurluşyk we energetika pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm meýdança bolar. Şeýle-de senagatyň ösüşine ýardam etmäge we sebitiň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmäge, Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň halkara derejesinde ornuny berkitmäge ýardam eder. Gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, senagat, himiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda wajyp meseleleri we taslamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän nobatdaky forumda degişli ugurlara täze maýa goýum taslamalaryna üns çekiler. Häzirki wagtda «CIET-2024-e» gatnaşyjylary hasaba alyş başlandy. Giňişleýin maglumaty forumyň ciet-turkmenistan.com resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

9-njy oktýabrda Aşgabatda saglyk, bilim, sport boýunça halkara sergi öz işine başlar

12-nji oktýabra çenli dowam etjek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleri, işewürler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar. Ýöriteleşen sergide lukmançylyk enjamlarynyň, tehnologiýalarynyň önümçiligine we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatlara ýöriteleşen kompaniýalar, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy kopaniýalary bilim we sport ulgamynda iň täze çözgütlerini tanyşdyrarlar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de innowasiýalar bilen tanşyp bilerler.

Nusgalyk ýol

Bu nusgalyk ýol Mälikguly Berdimuhamedowyň nesillere goýup giden hem-de mynasyp dowam etdirilýän ahlak-terbiýe mekdebidir. (Başlangyjy gazetiň №37 sanynda).

«Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy»

— Dünýe görmeý, tutgun galsaň bir künçde, Bady-paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut.

Ýaşlar ýagşylar bolarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gün-günden beýik ösüşlere beslenmegi, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde kämil bilim almagy üçin alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen ýaşlaryna häzirki zamanyň ösen ülňülerine gabat gelýän derejede ylym-bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Zähmetsöýer, päk ahlakly, ruhubelent şahsyýetleri kemala getirmek merdana halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşynda durýan möhüm ýörelgedir. Bagtyýar zamanamyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenip, bu ugurda önjeýli iş bitiren alymlarymyza sarpa goýup, olaryň gymmatly pikirlerini gündelik okuw-terbiýeçilik işiniň gidişinde ulanmak örän ähmiýetli işleriň biri. Bu babatda okuw-terbiýeçilik işleriniň utgaşykly alnyp barylmagy üçin Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebinde hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk, zähmetsöýerlik bilen utgaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da mekdebimiziň mugallymlary okuwçylar bilen geçirýän okuw-terbiýeçilik işlerinde, sap

Amerikalylar Hellowen üçin uly möçberde çykdajy ederler

Amerikalylaryň 2024-nji ýylda Hellowen baýramyny bellemek üçin 11,6 milliard amerikan dollaryny sarp etmeklerine garaşylýar. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýyl 12,2 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. ABŞ-nyň Baýramçylyk söwdalarynyň Milli federasiýasy tarapyndan taýýarlanylan çaklama görä, ýurtda her bir alyjy Hellowen üçin ortaça 103,63 amerikan dollary möçberinde çykdajy eder. Bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 4,61 amerikan dollary möçberinde azdyr.