Hakydadaky mähribanlar

7 Oktýabr 2024
348

Ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanylýar.

Ynsan üçin göbek ganynyň daman ene topragyndan — ata Watanyndan gymmatly mukaddeslik ýok. Watanyň azatlygy, erkinligi üçin aldym-berdimli söweşlerde janyny orta goýan atalaryň gahrymançylykly ömür ýoly, nesilleriň ýagty geljegi üçin alyp baran göreşi hiç haçan unudylmaýar, olar hakydalarda ýaşaýarlar. Olar Watan, il-halk, azatlyk üçin gan döküp, şirin janyny gaýgyrmadyk gahrymanlar.

Jumagül HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.