Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetimiz, adatdakysy ýaly, ýene beýik Pyragynyň döredijiligi hakynda boldy. Bu sapar Aba aga bize Magtymgulynyň özbaşdak döwlet gurmak, erkin ýaşamak barada döreden şygyrlary bilen baglanyşykly agasy Gara işanyň il-halkdan toplan maglumatlary dogrusynda gürrüň berdi. Bu maglumatlary Aba dädäniň dilinden okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.
Agamyz Gara işanyň şahsy arhiwinde saklanýan maglumatlara görä, Magtymguly ene topragyň ezizligine, ony goramagyň mukaddes borçdugyna, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin erkinligiň zerurlygyna ir düşünipdir.