12-nji oktýabra çenli dowam etjek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleri, işewürler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.
Ýöriteleşen sergide lukmançylyk enjamlarynyň, tehnologiýalarynyň önümçiligine we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatlara ýöriteleşen kompaniýalar, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy kopaniýalary bilim we sport ulgamynda iň täze çözgütlerini tanyşdyrarlar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de innowasiýalar bilen tanşyp bilerler.