"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nur saçýan hazyna

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere galkyndyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy şöhratly geçmişimize, şanly taryhymyza, milli mirasymyza, gadymy gymmatlyklarymyza buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Çünki halkyň hakydasy, taryhy, mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hakyda — ynsan kalbynda göwher ýaly nur saçýan şamçyragdyr, tämizlikdir, geçmişe sarpadyr.

«Tegelek stoluň» başynda geçen söhbetdeşlik

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çäre geljek — 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly guraldy. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylýan her bir ýylyň döwrebap şygar bilen atlandyrylýandygyny, häzirki günlerde ýurdumyzda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly ildeşlerimiziň tekliplerini öwrenmek boýunça degişli tagallalaryň edilýändigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleriň taýýarlanmalydygy bilen bagly başlangyjy ildeşlerimizde gyzgyn goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

Ösüşlere beslenýän ýyl

Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda duşuşyklar geçirilýär. Täze—2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ildeşlerimiziň pikirlerini, tekliplerini diňlemek hem-de üstümizdäki şanly ýylyň ösüş-özgertmelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly üstünlikli ýyllaryň biri hökmünde taryh sahypalarynda altyn harplar bilen ýazylar. Çünki şu ýyl taryhy wakalara baýdygy bilen alamatlanýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilen dabaralar baý many-mazmunlylygy bilen buýsançly duýgulary döretdi.

Kärdeşler arkalaşyklarynda

Täsirli geçen okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Awaza Milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçiren okuw-maslahaty üstünlikli tamamlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Arkadag şäheri, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Aşgabatda ýol howpsuzlygy barada ýatladýan LED-monitorlar gurnaldy

Aşgabatda şäher häkimligi we Türkmenistanyñ Içeri Işler ministrligi tarapyndan ýol hereketiniñ düzgünlerini berjaý etmek baradaky çagyryşly täze LED-monitorlary gurnaldy diýip, ORIENT habarçysy habar berýär. Ýol hereketiniñ berjaý edilmeginiñ ähmiýeti barada ýatladýan bilbordlar we LED-monitorlar ýoluñ ähli ýokarky böleklerinde ýerleşdirilen. Şeýlelik bilen, sürüjileri ýollarda ünsli bolmagyna çagyrýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Arkadag şäheri, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Göwher sözüň gymmaty

Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna dürli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen birlikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisi guralyp, onda sungat eserleri-de ýerleşdirildi. Täze kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasynyň Arkadag şäherinde geçirilmegi onuň ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetiren waka boldy. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde onuň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş sapary dogrusynda-da durlup geçildi.

Beýik döwletiň beýik taryhy hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň, körpe çagalaryň aň-paýhasynyň kämil, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan habarly adamlar bolmaklygyny gazanmak babatda zerur tagallalar amala aşyrylýar. Şeýle işlerde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsiriniň, ummasyz peýdasynyň bardygy tekrarlanylýar. 30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Pekinde Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler. Olar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we şahyryň eserleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny barada nygtadylar.  Şeýle hem maslahat bilen ugurdaşlykda Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde çap edilen şahyryň täze neşiri tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giriş sözleri bilen başlanýan täze neşir Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edildi. Mundan başga-da, kitap «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyň eýesi, Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.

Akyldaryň goşgular ýygyndysy pars diline terjime edildi

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýyl Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli milli, sebit we halkara derejesinde medeni çärelerdir döredijilik agşamlary geçirilýär, şeýle hem akyldaryň goşgulary dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly goşgular ýygyndysynyň pars diline terjime edilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Täze ýygyndy 449 sahypadan ybarat bolup, özünde akyldar şahyryň 270-den gowrak goşgusyny özünde jemleýär. Eýranly hünärmenleriň gatnaşmagynda taýýarlanylan neşiriň redaktorlyk işleri Dawut Orazsähedow we Sobhan Salariniýa, terjimesi bolsa Güýçmyrat Çangliýew bilen Aýmyrat Kulyýewa degişli. 500 nusgada neşir edilen kitap hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we dünýä medeniýetindäki ähmiýeti dogrusynda aýdan sözleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bilen açylýar.

Žur­na­lis­tiň ­ýol­ ýaz­gy­la­ryn­dan

Ony iýip görenler biler. Dogry, nar Türkmenistanyň ähli ýerinde hem bitýär. Ýöne aýdymlarda waspy ýetirilýän gözel Sumbaryň nary weli, has üýtgeşik. Ýola çyksaň, gözüň täsinlikde bolýar, dogrumy? Ynha, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan barýarkaň, bil ýazaýyn ýa-da bogaz ölläýin diýip, gadymy Bamy obasynyň ýanyndaky kiçijikden gözegelgiç söwda dükanynyň ýanynda säginersiň. Sebäbi gapdaljygynda gyzgynjak kofe, ajyja çaý, ýany bilenem, aýak üstünden ýürekselik ediner ýaly gabylja ýerjagaz bardyr. Giräýmänkäňem, gözüň münder edilen narlarda, üýşmek hozlarda, ululy-kiçili gaplara guýlan ary balynda, dürli miwelerden edilen mürepbedir kişdelerde... eglener.

Ýylyň iň gymmat bahaly suraty satyldy

«The Wall Street Journal» neşiriniň habaryna görä, belgiýaly suratkeş Rene Magrittiň «Ýagtylygyň imperiýasy» atly suraty Nýu-Ýorkda geçen «Christie's» auksionynda 121,2 million amerikan dollaryna satyldy. Suraty satyn alan adamyň ady ýaşyryn saklanýar. Belläp geçsek, «Ýagtylygyň imperiýasy» 2024-nji ýylyň başyndan bäri satylan iň gymmat suratdyr.

Iň uly göwrümli kofe taýýarlanyldy

Sosial ulgamlarda meşhur Nik Dijowanni «Duckin'» kompaniýasy bilen bilelikde dünýäde iň uly göwrümli buzly latte kofesini taýýarlady. Bu barada «United Press International» habar berýär. Kofäniň gabynyň uzynlygy 3,35 metr, möçberi bolsa 1044,77 litr bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Rekord goýlanyndan soňra kofe «Dunkin'» kompaniýasynyň Massaçusets ştatyndaky ofisiniň 300 işgärine paýlanyldy.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).BODO ŞEFER 17. MAMAM BILEN BABAM TÖWEKGELLIK ETMEK ISLEMEÝÄRLER

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleriKeýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Ýaşlaryň göreldesi

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Yn­san öz ýa­şaý­şyn­da döw­rüň ga­za­nan­la­ry­ny dur­mu­şy­na or­naş­dy­ryp, tej­ri­be­sin­de öz­leş­di­rip, has amat­ly, has oňaý­ly ýa­şaý­şy üp­jün et­mek­li­ge ym­tyl­ýar. Bu gün­ki gün­de hal­ky­my­zy dünýä ta­na­ýan bol­sa onuň aňyr­syn­da türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne sal­dam­ly go­şant goş­ma­gy ba­şa­ran mil­li dö­re­di­ji­li­gi bar­dyr. Hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, ha­lal ýa­şa­mak, yn­sap­ly­lyk, dost-do­gan­lyk hem-de myh­man­sö­ýer­lik ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaş­la­ryň çuň­ňur dü­şün­me­gi­ni ga­zan­mak bol­sa biz üçin mu­kad­des borç­dur.

Sagdynlyk — ruhubelentlik

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip ýa­şa­mak bi­ziň her birimiziň ruhumyzy belende göterýär. Şonuň üçin hem ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ugrunda biz ýaş­la­ra äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lendir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yn­san sag­ly­gy­nyň esa­sy gi­re­wi ha­sap­lan­ýan be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, mil­li spor­tu­my­zyň dün­ýä spor­tu­na go­şul­ma­gy­ny ga­zan­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de bi­ti­ri­len ägirt uly iş­ler, sport­da ýe­ti­len belent sep­git­ler Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Dekabr aýy hakynda nämeler bilýäris?

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024