Halk hakydasyna gymmatly peşgeş
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik taglymatyndan söz açylýar. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýän bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza bagyş eden ýene bir ajaýyp peşgeşi boldy. Häzirki döwürde ylmyň günsaýyn ösüp-özgerip durmagy, täze taryhy çeşmeleriň, arheologiki tapyndylaryň ýüze çykarylmagy eziz Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişini täzeden seljermegi talap edýär. Milli Liderimiz «Hakyda göwheri» atly kitabynda arheologlaryň toplan täze maglumatlarynyň hem-de daşary ýurtlardan getirilen golýazmalaryň esasynda türkmen taryhyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nukdaýnazaryndan täzeçe garaýyşlaryny beýan edýär, milli medeniýetimiz hakyndaky öňki kitaplarynda öňe süren pikirlerini kämilleşdirýär we baýlaşdyrýar.