Talyp ýaşlaryň sungat çykyşlary

6 Dekabr 2024
216

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary ýurdumyzda bellenip geçilýän şanly seneleriň her birini özboluşly baýramçylyk sowgady bilen garşylaýarlar. Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan täze aýdym-sazly çykyşlar hem şeýle diýmäge esas berýär.

Mekdebimiziň talyplary bu gezek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň “Märkaw” toý mekanynda şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazly çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet, şatlyk paýladylar. Mekdebimiziň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň talyplarynyň çykyşlary has-da uly täsirleri döretdi.

Nurnazar MÄMMEDOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň mugallymy.